ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň Hormuz bogazynyň golaýyndaky porta gijeki edilen howa hüjümine jogap hökmünde ABŞ-nyň Bahreýndäki harbylarynyň irki-duýduryş radaryny ýok edendigi baradaky beýanatyny ret etdi.
"Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy Bahreýne tarap bir taraplaýyn hüjümçi dronlaryň iki sanysyny uçurdy we ikisi hem ABŞ güýçleri tarapyndan urlup gaçyryldy. Hiç hili şikes ýa-da zyýan ýetmedi" diýip, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi aýtdy.
Ilkinji beýanat Eýranyň döwlet metbugaty tarapyndan 13-nji noýabrda ýaýradyldy. Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň beýanatynda hüjümiň "duşmanyň Sirikdäki telekommunikasiýa diňine garşy eden howa zarbasyna jogap" bolandygy aýdyldy.
Mundan öň Eýranyň resmi habar agentligi IRNA ýurduň Hormozgan welaýatyndaky Sirik şäherine "duşmançylykly" hüjümiň edilendigini habar berdi. Ýöne onda hüjümçiniň ady agzalmady we zyýan ýa-da pidalar barada jikme-jik maglumat berilmedi.
Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň beýanatynda, olar Sirik sebitine edilendigi aýdylýan hüjüm üçin ABŞ-ny gönüden-göni aýyplamakdan saklandylar.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM) beýanatynda Hormuz bogazynyň kenarynda ýerleşýän we Eýranyň suw ýoluna gözegçilik etmek üçin niýetlenen radar we aragatnaşyk ulgamynyň bir bölegini öz içine alýan Sirik şäherine edilen hüjüm barada hiç zat aýdylmady. Uruş başlandan bäri, 28-nji fewraldan bäri bu desga ABŞ we Ysraýyl tarapyndan birnäçe gezek hüjüm edildi.
Mundan ozal Tähran şäherdäki telekommunikasiýa infrastrukturasyna hüjümleriň bolandygyny habar beripdi we ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň bäşinji flotunyň ýerleşýän ýeri bolan Bahreýndäki ABŞ desgalaryna hüjümler bilen jogap beripdi.
Bu soňky beýanatlar, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Waşingtonyň indi Tähran bilen ylalaşyga mätäç däldigini aýtmagyndan bir gün soň boldy.
"Bize Eýran bilen ylalaşyk gerek däl. Ol günler indi geçmişde galdy" diýip, Tramp 12-nji noýabrda "Truth Social" platformasynda ýazdy. "Olaryň pullary — ýüzlerçe milliard dollar — biziň elimizde, şeýle-de olaryň bogazy hem biziň gözegçiligimizde!" diýip, ol belledi.
Tramp bu platformada paýlaşan şol bir maglumatynda wise-prezident J.D. Wansdan demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky şäherlerde we ştatlarda onuň korrupsiýa we jenaýatçylyk diýip atlandyrýan zatlaryna "doly we ähli ünsüni jemlemegini" sorandygyny hem aýtdy. Wans ABŞ-nyň Eýran bilen ok atyşygy bes etmek we ýadro gepleşiklerini dikeltmek boýunça tagallalaryna birnäçe aý ýolbaşçylyk etdi.
Bu beýanat, "The Wall Street Journal" gazetiniň Wansyň Eýranyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi bilen ýüzbe-ýüz gepleşikleri göz öňünde tutýandygyny habar bermeginden bir gün soňa gabat geldi.
ABŞ-da ýaşaýan, milli howpsuzlyk boýunça analitik Şaýan Samii Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy bolan "Farda" radiosyna beren interwýusynda Trampyň "ne uruş, ne gepleşik" syýasatyny ýöredýän ýaly görünýändigini aýtdy.
"Tramp häzir ykdysady basyş arkaly harby goşulyşmagyň özüne getirip bilmejek zadyna ýetmäge synanyşýar. Şol bir wagtyň özünde, ol harby goşulyşmagyň mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýar" diýip, Samii belledi. Ol Wansyň bu meselelerden boşadylmagynyň Trampyň "uruş bilen baglanyşykly meseleleri alyp barmagy" döwlet sekretary Marko Rubio bilen goranmak sekretary Pit Hegsete tabşyrandygyny görkezýändigini hem sözüne goşdy.
Samii Tährandan gelýän gapma-garşylykly signallaryň hem ýurduň abraýyna zyýan ýetirýändigini aýtdy.
"[Daşary işler ministri Abbas] Arakçi gepleşik geçirjekdigimizi aýdanda, emma [howpsuzlyk başlygy] Mohsen Rezaýi Amerika biziň ýedi şertimizi kabul edýänçä gepleşigiň bolmajakdygyny aýdanda, dünýä liderleri Yslam respublikasynda ygtybarly karar kabul ediji ýok” diýen netijä gelýärler" diýip, ol belledi.
Gürrüňi edilýän şertler ABŞ-nyň Eýranyň deňiz blokadasyny bes etmegini, Eýranyň doňdurylan aktiwlerini boşatmagyny we ähli frontlarda söweşleri bes etmegini öz içine alýar. Rezaýi gepleşikler täzeden başlamazdan ýa-da Hormuz bogazy täzeden açylmazdan ozal Waşingtonyň Tähranyň talaplaryny kabul etmelidigini nygtady.
Tramp Eýranyň ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisiniň ölümine jogapkär bolsa, onda onu "barlygynyň uzak wagt dowam etmejekdigini" hem duýdurdy. Onuň bu sözleri Gazna sekretary Skott Bessentiň Eýranyň haýbatlary sebäpli harby baza geçirilendigi baradaky habarlar bilen birlikde edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum