Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň sudy Kloop neşiriniň websaýtynyň ýapylmagyny kanuny hasaplady


Kloopyň aklawçysy suduň kararyna ýurduň Ýokary sudunda şikaýat etjekdigini aýtdy.
Kloopyň aklawçysy suduň kararyna ýurduň Ýokary sudunda şikaýat etjekdigini aýtdy.

3-nji iýunda Bişkegiň sudy Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrliginiň garaşsyz derňewçi Kloop media neşiriniň websaýtyny ýapmak baradaky kararynyň ýurduň kanunçylygyna gabat gelýändigi barada höküm çykardy.

Kloopyň aklawçysy Fatima Ýakupbaýewa suduň kararyna ýurduň Ýokary sudunda şikaýat etjekdigini mälim etdi.

Martda Bişkegiň Administratiw işler boýunça kazyýeti ministrligiň Kloopyň rus dilli websaýtyny petiklemek baradaky kararyny ýatyrypdy. Mundan soň, ministrlik bu höküme şikaýat edip, Bişkegiň şäher suduna ýüz tutdy.

Şol bir wagtda, häkimiýetleriň Kloop Media Jemgyýetçilik Fondyna edýän basyşlarynyň arasynda, noýabrda neşiriň gyrgyz dilindäki websaýty hem petiklendi.

Ministrlik ýurduň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň Kloopyň ýalan maglumatlary ýaýradýandygyny öňe süreninden soň, neşiriň saýtlarynyň işini togtatmak kararyna gelnendigini aýtdy.

Bu iş Kloop neşirinde sentýabra çap bolan, tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Rawşan Jeenbekowyň gynamalara sezewar edilendigi baradaky eden beýanaty baradaky makala bilen ilteşiklidir. Ministrlik Jeenbekowyň gynalandygyny aýdýan maglumaty rus dilli websaýtdan aýyrmagy talap etdi, bolmasa-da onuň petiklenjekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG