Gyrgyzystanda Bişkegiň sudy russiýaly belli telekeçi Pawel Týony tussag etmek boýunça höküm çykardy. Bu barada 12-nji martda Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Komiteti mälim etdi.
Bu Týonyň Gyrgyzystanyň merhum jenaýat ketdesi Kamçybek Kolbaýew bilen bolandygy öýdülýän gatnaşyklary bilen bagly. Asanbek ady bilen hem tanalýan, ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi geçen oktýabrda Bişkekde polisiýanyň ýörite operasiýasynyň dowamynda atylyp öldürilipdi.
“Paşa Koreý” lakamy bilen hem tanalýan Týo, Russiýanyň “Capital Group” atly ägirt uly gurluşyk kärhanasynyň eýesidir.
Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Komitetiniň maglumatyna görä, Týo Ýewraziýa yklymynyň jenaýat toparlarynyň birnäçesiniň liderleriniň we agzalarynyň girýän, “Doganlaryň Halkasy” atly trans-milli jenaýat guramasynyň agzasydyr. Onuň düzümine, merhum Kolbaýew we onuň şärikleri hem degişli bolupdyrlar.