Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek kazyýeti gümrük gullugynyň öňki resmisi Matraýmowyň tussaglygyny uzaltdy


Raýmbek Matraýmow we onuň doganlary - Tilek, Ruslan we Islambek
Raýmbek Matraýmow we onuň doganlary - Tilek, Ruslan we Islambek

Bişkegiň Birinji Maý etrap kazyýeti 25-nji iýunda AÝ/AR-a Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raýmbek Matraýmowyň deslapky tussaglyk möhletini azyndan 26-njy awgusta çenli uzaldandygyny aýtdy.

Ol 1 milliard dollar töweregi serişdäniň ýurtdan çykarylmagy bilen bagly dörän galmagalyň merkezinde durýar.

Raýmbek Matraýmow we onuň doganlary - Tilek, Ruslan we Islambek mart aýynda Azerbaýjandan, gizlenip ýaşaýan ýerinden Gyrgyzystana ekstradisiýa edildi.

Doganlaryň iň bellentgisi Raýmbek bolup, ol pul ýuwmakda we 2020-21-nji ýyllardaky korrupsiýa galmagalynyň çäginde, ady aýdylmadyk adamlary alyp gaçyp, bikanun tussag etmekde aýyplandy.

XS
SM
MD
LG