Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek kazyýeti ýurtda AÝ/AR-nyň işini togtatmak baradaky karary ýatyrdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Bişkek şäher kazyýeti Lenin etrap kazyýetiniň aprel aýynda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň işini togtatmak barada çykaran kararyny ýatyrdy.

Azattyk radiosy gyrgyz-täjik serhediniň dawaly böleginde bolan çaknyşyklar baradaky wideony aýyrmakdan ýüz öwrenden soň, gyrgyz kazyýeti radionyň Gyrgyzystandaky işini togtatmak barada karar çykarypdy.

Kazyýet 12-nji iýulda, Azattyk radiosynyň şikaýaty boýunça geçiren diňlenişiginden soň, Medeniýet ministrliginiň haýyşy esasynda çykarylan kararyň ýatyrylýandygyny yglan etdi.

Gyrgyz häkimiýetleri oktýabr aýynyň aýagynda, AÝ/AR-nyň “Häzirki zaman” neşiriniň “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda düşüren wideosyny wep sahypasyndan aýyrmakdan ýüz öwüreninden soň, Azattyk radiosynyň gyrgyz we rus dillerindäki web sahypalaryny petikledi.

XS
SM
MD
LG