Gyrgyzystanyň we Pakistanyň ýokary derejeli resmileri, Bişkekde daşary ýurtly studentlere edilen ýowuzlykdan soň, duşuşdylar. 17-nji maýda giçlik bolan hadysada azyndan 29 adam, şol sanda ençeme daşary ýurty ýaralandy. Bu sebäpli Gyrgyzystanda Pakistan we Hindistan bilen diplomatiki dartgynlylyk döredi.
19-njy maýda Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Awazbek Atahanow Bişkekde Pakistanyň bu ýurtdaky ilçisi Hassan Ali Zaýgham bilen gepleşikleri geçirdi.
Atahanow ýagdaýlaryň gözegçilik astyna alnandygyny aýtdy, şeýle-de gyrgyz häkimiýetleriniň hadysa boýunça derňewe başlandygyny sözüne goşdy. Ýowuzlygyň mundan birnäçe gün öň migrantlaryň hem gatnaşmagynda ýüze çykan, sebäbi doly aýdyň bolmadyk bir dawa sebäpli dörändigi çaklanylýar.
18-nji maýda giçlik 140 student we başga-da 40 töweregi pakistanly Bişkegi terk etdiler.
Watanyna dolanan studentleri Lahoryň aeroportda içeri işler ministri Mohsin Nakwi garşylady diýip, Raýat Awiasiýa Edarasy Azatlygyň Pakistan gullugyna aýtdy.