Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde kazyýet häkimiýeti zor bilen ele geçirmek synanyşygy baradaky iş boýunça höküm çykardy. Bu işde esasy aýyplanýanlaryň biri Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň öňki başlygy Kamçybek Taşiýew boldy.
Kazyýet Taşiýewi günäli tapdy we onuň emlägini ele geçirmek bilen dört ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny belledi. Şol bir wagtda, oňa şol möhlet bilen probasiýa ulanyldy. Bu bolsa kazyýetiň kesgitlän şertleri berjaý edilen halatynda jezanyň türmede hakyky çekilmejekdigini aňladýar.
Şeýle höküm öňki baş prokuror Kurmankul Zuluşewe we parlamentiň öňki spikeri Nurlanbek Turgunbek uuluna hem çykaryldy.
Ýene bäş aýyplanýan wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyldy we üç ýyllyk probasiýa gözegçiligine höküm edildi.
Taşiýewe konstitusion gurluşy zor bilen üýtgetmäge gönükdirilen hereketler we wezipe ygtyýarlygyny hyýanatçylykly peýdalanmak baradaky maddalar boýunça aýyplama bildirildi. Onuň aklawçysy Ikramidin Aýtkulow öň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň öňki başlygynyň özüni günäli hasaplamaýandygyny aýdypdy. Aýyplama bildirilenden soň, kazyýet oňa daşary ýurda çykmazlyk barada gol çekdirmek görnüşinde ätiýaçlyk çäresini saýlady.
Jenaýat işi 75 syýasatçydan we jemgyýetçilik işgärinden ybarat toparyň Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarowa ýüzlenip, möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmäge çagyrmagyndan soň gozgalypdy. Gyrgyz mediasynyň maglumatyna görä, bu hat Taşiýew bilen baglanyşdyrylýardy.
Derňewiň çäginde ýüzlenmä gol çekenleriň käbiri, şol sanda jemgyýetçilik işgäri Bekbolot Talgarbekow, öňki oba hojalyk ministri Emilbek Uzakbaýew, öňki deputat Kurmanbek Dyýkanbaýew, öňki wise-premýer Aaly Karaşew we içeri işler ministriniň öňki orunbasary Kursan Asanow saklandy.
Kamçybek Taşiýew 2026-njy ýylyň fewralynda Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Prezident Sadyr Japarow şol wagt bu karary jemgyýetde bölünişigiň öňüni almak üçin kabul edendigini aýtdy. Taşiýewiň işden aýrylmagyndan soň birnäçe ýokary wezipeli resmiler wezipesinden boşadyldy, onuň bilen baglanyşdyrylýan birnäçe deputat bolsa mandatlaryny tabşyrdy.
Forum