Gyrgyzystanda geçen ýyl Özbegistan bilen baglaşylan serhet şertnamasyna protest bildirendigi üçin tussag edilen 27 adamyň, birnäçe jenaýatda, şol sanda köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda aýyplanan syýasatçylaryň, aktiwistleriň we žurnalistleriň kazyýet diňlenişigi geçirilýär.
Bişkegiň Birinji Maý etrap kazyýeti ýokary derejeli kazyýet işine 22-nji iýunda başlady.
Gyrgyz häkimiýetleri oktýabr aýynyň aýagynda, olar noýabrda Gyrgyzystanyň Kempir-Abad suw howdanynyň ýerleşýän ýerleriniň başga bir ýere derek Özbegistana berilmegi esasynda baglaşylan serhet ylalaşygy şertnamasyna garşy çykanlaryndan soň, Kempir-Abad Goranmak komiteti diýilýäniň 27 agzasyny tussag etdi.
Tutulanlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri taýýarlanylýan Özbek-Gyrgyz ylalaşygyna garşy gozgalaň turuzmagy planlaşdyrmakda aýyplandy.
Tussag edilenleriň käbiri özleriniň tussag edilmegine garşylyk bildirip, deslapky tussaghanada açlyk yglan etdi.
Eger-de günäli tapylsalar, günäkärlenýänler 10 ýyldan gowrak türme tussaglygyna höküm edilip biler.