Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Gaza atyşygyny togtatmak üçin Müsüre, Ysraýyla syýahat edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 10-njy iýunda, Waşingtonyň ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasa edilýän basyşy artdyryp, Ysraýylyň Gazadaky atyşygy bes etmegini, urşuň Liwana ýaýramazlygyny üpjün etmäge çalyşýan wagtynda Müsüre we Ysraýyla sapar edýär.

ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty bu sebite Hamas söweşijileriniň 7-nji oktýabrda Ysraýyla eden we Ysraýyl-Palestina konfliktindäki iň ganly ýagdaýa sebäp bolan hüjüminden bäri edýän sekizinji saparynda, şu hepdäniň dowamynda Iordaniýa we Katara hem barar.

Blinken 10-njy iýun güni giçlik Ysraýyla barmazyndan öň Kairde Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi bilen duşuşar we soňra, Döwlet departamentiniň meýilnamasyna laýyklykda, premýer-ministr Benýamin Netanýahu we goranmak ministri Ýoaw Gallant bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG