Döwlet sekretary Antoni Blinken we Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Kameron 9-njy aprelde Kongresi Ukraina üçin täze harby kömegi tassyklamaga çagyryp, bu maliýeleşdirmäniň ABŞ, Ýewropa we dünýä howpsuzlygy üçin wajypdygyny aýtdylar.
Blinken Döwlet departamentinde geçirilen duşuşykdan soň eden çykyşynda kanun çykaryjylara ýüzlenip, prezident Jo Baýdeniň birnäçe aý bäri gazanmaga çalyşýan çözgüdi, Kiýewe berilmeli kömegiň öňüniň açylmagy baradaky haýyşyny gaýtalady, Kameron bolsa Kapitol belentliginde geçirilen duşuşyklarda-da şu meseläni gozgajakdygyny aýtdy.
Kameron, ABŞ-nyň roly baradaky aladalaryň artmagynyň arasynda, amerikan kanun çykaryjylaryny kömegi tassyklamak üçin gyssagly hereket etmäge çagyran soňky daşary ýurt resmisi boldy.