Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kiýewe geldi


13-nji maýda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken otluda Kiýewe barýar.
13-nji maýda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken otluda Kiýewe barýar.

13-nji maýda giçlik ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken, öňünden yglan edilmedik sapar bilen, Kiýewe geldi. Ol ýokary derejeli ukrain resmileri bilen gepleşikleri geçirip, Waşingtonyň Ukraina babatyndaky goldawyny tassyklar.

“Ukrainanyň özleriniň azatlygy ugrundaky Russiýanyň agressiýasyna garşy alyp barýan göreşinde, özümiziň Ukraina babatyndaky egsilmez goldawymyzy äşgär etmek üçin, şu gün Kiýewe dolanyp geldim” diýip, Blinken X, ozalky Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazgy galdyrdy.

Blinken prezident Wolodymyr Zelenski, premýer-ministr Denys Şymhal we daşary işler ministr Dmytro Kuleba bilen hem gepleşikleri geçirer.

Blinken we Ukrainanyň ýolbaşçylary “söweş meýdanyndaky soňky ýagdaýlary, ABŞ-nyň howpsuzlyk we ykdysady goldaw boýunça soňky hemaýatynyň täsirlerini, uzak möhletli howpsuzlyk meselelerini we beýleki borçnamalary maslahat ederler” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mattýu Miller aýtdy.

XS
SM
MD
LG