Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Ysraýyl lobbisine Eýranyň ýadro ýaragyny edinip bilmejekdigini aýtdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 5-nji iýunda ABŞ administrasiýasynyň Eýranyň Ysraýyla iň uly howpdugy baradaky pikirinde berk durýandygyny we Tähranyň ýadro ýaragyny edinmegine hiç haçan ýol berilmejekdigini gaýtalady.

"Eger-de Eýran diplomatiýa ýoluny ret etse, prezident [Jo] Baýdeniň gaýtalap aýdyşy ýaly, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligi üçin mümkin bolan ähli çäre görler" diýip, Blinken Waşingtondaky Ysraýyl tarapdar topara, AIPAC lobbisine ýüzlenip aýtdy.

Şeýle-de, Blinken Saud-Ysraýyl kadalaşmasynyň Waşington üçin örän möhüm bolup durýandygyny aýtdy. "Birleşen Ştatlaryň Ysraýyl bilen Saud Arabystanynyň arasynda kadalaşmagy ösdürmekde hakyky milli howpsuzlyk bähbidi bar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG