1-nji maýda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ysraýylyň liderleri bilen gepleşik geçirip, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny ilerletmek ugrunda tagalla etdi. Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Hamas toparyny terroristiki gurama hökmünde ykrar edýär.
Blinken olara zamunlary azat etmek we Gazada ýedi aý çemesi bäri dowam edýän urşa arakesme bermek ugrundaky ylalaşyk üçin “wagtyň edil häzirki pursatdygyny” aýtdy.
Uruş hereketleri oktýabrda başlanaly bäri, bu Blinkeniň sebite edýän ýedinji saparydyr.