“Bloomberg” agentliginiň ady agzalmaýan Günbatar howpsuzlyk resmisine salgylanyp ýazmagyna görä, Eýran Orsýete takmynan 2,7 milliard dollarlyk ballistik we howa hüjümine garşy ulanylýan zenit raketalaryny iberdi.
Tähran Moskwa bilen 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda, Orsýetiň Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlamazyndan birnäçe aý öň şertnama baglaşdy. Bu şertnamalar ýüzlerçe "Fatah-360" gysga aralyk ballistik raketalarynyň, takmynan 500 sany gysga aralyk ballistik raketalarynyň we takmynan 200 sany howa hüjümine garşy raketalaryň iberilmegini öz içine alýar.
Bulardan başga, agentligiň maglumatyna görä, Eýran 2023-nji ýylyň başynda gol çekilen 1,75 milliard dollarlyk şertnama esasynda millionlarça ok-däri we snarýad, şeýle-de “Şahed-136” dronlaryny iberdi, Russiýany olary içerki bazarda “Geran-2” ady bilen öndürmek mümkinçiligini berýän umumy tehnologiýa bilen üpjün etdi.
Umuman, Günbatar çeşmeleri Russiýanyň 2021-nji ýylyň aýagyndan bäri Eýranyň ýaraglaryna 4 milliard dollardan gowrak pul harçlandygyny çaklaýarlar.