Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýokary derejeli kazyýeti 2-nji fewralda Ukrainanyň Moskwanyň tas iki ýyl ozal öz goňşusyna garşy başlan doly gerimli urşundan soň gysga wagt içinde Russiýa garşy açan kazyýet işinde ýurisdiksiýanyň, resmi ygtyýarlyklarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny kesgitlemeli.
Kiýewiň Haagadaky Halkara Adalat kazyýetinde (ICJ) açan kazyýet işi Russiýany 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan giň gerimli çozuşynda, gündogar Ukrainada ýaşaýan rus dillileriň genosidiniň öňüni almak baradaky galp bahanany ulanyp, 1948-nji ýyldaky genosid konwensiýasyny bozmakda aýyplaýar.
Halkara Adalat kazyýetiniň kazylarynyň gelen deslapky karary 2022-nji ýylyň martynda Russiýanyň Ukrainadaky urşuny bes etmegini buýurdy. Emma Moskwa, döwletleriň halkara hukugynyň boulzandygyny öňe sürýän kazyýet şikaýatlaryna seredýän kazyýetiň bu iş boýunça karar çykarmak üçin ýeterlik kanuny hukugynyň ýokdugyny aýdyp, bu karary ret etdi.
Russiýanyň aklawçylary sentýabr aýynda geçirilen deslapky diňlenişik wagtynda, kazyýetiň ýurisdiksiýasynyň, kanuny ygtyýarlygynyň ýokdugy barada ozal aýdan sözlerini gaýtalap, Halkara Adalat kazyýetinden bu işiň bes edilmegini talap etdiler.
Ukraina bu diňlenişikde Russiýanyň kazyýetiň çykaran kararyny äsgermezlik etmegini Halkara Adalat kazyýetiniň ygtyýarlygyna edilen hüjüm diýip häsiýetlendirdi.
"Russiýanyň biziň şäherlerimize atýan her bir raketasy bu kazyýetiň kararyna garşy gelýär" diýip, Ukrainanyň kazyýetdäki wekili Anton Korinewiç aýtdy.
Kararlary kanuny taýdan hökmany ýagdaýda ýerine ýetirilmeli bolsa-da, bu kazyýetiň olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etjek serişdesi ýok.
Halkara Adalat kazyýeti biraz öň, şu hepdäniň başynda Ukrainanyň Moskwanyň gündogar Ukrainadaky işjeňlikleriniň üstünden, terrorçylygy maliýeleşdirmek we 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasynda Russiýa tarapyndan edilýän “jynsy kemsitmek” barada eden şikaýatlary boýunça garyşyk karar çykardy.
Kazyýetiň 31-nji ýanwarda çykaran kararynda aýdylmagyna görä, Krymda ukrain dilinde bilim berilmegini gorap bilmän, Birleşen Milletler Guramasynyň diskriminasiýa garşy şertnamalaryny bozandygyna garamazdan, Moskwa Ukrainanyň Russiýanyň öwez puluny, kompensasiýa tölegini tölemegi baradaky talaby bilen ylalaşmaýar.
Şol bir wagtda, kazyýet Ukrainanyň Russiýanyň Krymy anneksiýa edeninden soň etniki tatarlary we ukrainleri kemsidýändigi barada eden şikaýatlaryny ret etdi.
Umuman alanyňda, Halkara Adalat kazyýeti Ukrainanyň Moskwanyň şertnamalaryň iki maddasyny bozandygy baradaky şikaýaty bilen ylalaşdy, ýöne beýleki birnäçe şikaýatyny ret etdi.
Günorta Afrikanyň Ysraýylyň Gazadaky urşunda edýän hereketlerine garşy gozgan ýokary derejeli kazyýet işi sebäpli, bu kazyýet soňky günlerde bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi.
Kazyýet 26-njy ýanwarda çykaran kararynda Ysraýylyň ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas toparynyň oktýabr aýyndaky hüjümine jogap edip başlan hüjüminde genosidiň öňüni almak üçin ähli zady etmelidigini aýtdy, ýöne atyşygyň bes edilmegini buýurmakdan kemter gaýtdy.
Forum