Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro gözegçilik gullugynyň başlygy 13-nji iýunda Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa ýadro desgasynyň degişlilikde, hem geçen hepde ýarylan Kahowka bendi, hem Ukrainanyň başlan garşylykly hüjümi bilen baglylykda, "has howply ýagdaý" bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.
Halkara Atom energiýasy agentliginiň (HAEA) başlygy Rafael Grossi Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşyp, ýadro desgasynyň ýerleşýän ýerine ugramazyndan öň žurnalistler bilen gürleşdi.
Ýadro desgasynyň golaýynda barýan gyzgyn söweş oňa zarba urulmagynyň matematiki ähtimallygyny ýokarlandyrýar diýip, Grossi aýtdy.
Kahowka bendiniň ýarylmagy we suw howdanyndaky suwuň azalmagy ýadro desgasynyň alty reaktorynyň aşa gyzmazlygy üçin ulanýan howuzlaryndaky suw üpjünçiligine wehim salýar.
Ukrainanyň ýadro resmileriniň aýtmaklaryna görä, gürrüňi edilýän suw howdany, suw derejesiniň peselmegi sebäpli, howzy dolduryp bilmeýär, ýöne howuzlar çuň ýerasty guýular arkaly doldurylyp bilner.
“Enerhoatom”, Ukrainanyň ýadro energiýa kompaniýasy 13-nji iýunda howuzlardaky suw derejesiniň durnuklydygyny we elektrik stansiýasynyň zerurlyklary üçin gerek bolan suwuň bardygyny aýtdy.
Grossi, edil häzir howp abanmasa-da, ýadro desgasynyň çynlakaý ýagdaýda galýandygyny aýtdy.