Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Hukuk edarasy Ysraýylyň Gazada uruş kanunlaryny bozan bolmagynyň mümkindigini aýdýar


BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Türk 
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Türk 

BMG-niň Adam hukuklary edarasy 19-njy iýunda Ysraýyl güýçleriniň uruş kanunlarynyň esasy ýörelgelerini gaýta-gaýta bozup, Gaza zolagyndaky harby kampaniýa wagtynda parahat ilat bilen söweşijileri tapawutlandyryp bilmedik halatlarynyň bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

BMG-niň Adam hukuklary edarasy Ysraýylyň alty sany hüjümine, köp sanly adam pidasyna we raýat infrastrukturasynyň weýran bolmagyna getiren harby hereketlerine baha beren hasabatynda Ysraýyl güýçleriniň "hüjümde tapawutlandyrmak, deňeçerlik we seresaplylyk ýörelgelerini yzygiderli bozan bolmagynyň mümkindigini" aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Türk bu talap, görnüşinden, "Ysraýylyň bombalaýyş kampaniýasynda yzygiderli bozulana meňzeýär" diýdi.

ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas toparynyň saglygy goraýyş edaralarynyň maglumatyna görä, Ysraýylyň howa we gury ýer hüjümleri Gaza zolagynda 37,400-den gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.

Ysraýyl bu hüjüme Hamas söweşijileri 7-nji oktýabrda serhet boýlaryna zabt edip, Ysraýylyň hasaplamalaryna görä, ýurduň günortasynda 1200 töweregi adamy öldürip, 250-den gowrak adamy zamun alanyndan soň başlady.

XS
SM
MD
LG