Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ukrainada 700 müň çemesi adam agyz suwundan kesildi


Suw astynda galan jaýlar
Suw astynda galan jaýlar

Ukrainada Kahowka gidroelektrik stansiýasynyň bendiginiň ýykylmagy netijesinde 700 müň töweregi adam arassa agyz suwundan kesildi.

"Associated Press" habar gullugy bu maglumaty BMG-niň Baş sekretarynyň gumanitar meseleler boýunça orunbasary Martin Griffiths bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp çap etdi.

Bu ýerde gürrüň hem Ukrainanyň gözegçiligindäki sebitlerde, hem Russiýanyň basyp alan sebitlerinde ýaşaýanlar hakda barýar.

Häzir Herson sebitinde, suwuň hapalanmagy sebäpli, suw howdanlarynda suwa düşmek we balyk tutmak gadagan edildi, Hersonyň özünde bolsa, ýerli çeşmelerden haýwanlary suwarmak we suw almak gadagan.

Griffitsiň sözlerine görä, BMG häzire çenli Ukrainanyň gözegçiligindäki sebitleriň 30,000 ýaşaýjysyna kömek berdi. Suw basan ýerlerde köp sanly meýletinçi işleýär. Rus goşunlary özleriniň gözegçilik edýän ýerlerinde BMG-niň wekilleriniň kömek işlerine ygtyýar bermedi.

Ukraina Kahowka bendiniň ýykylmagy netijesinde alty adamyň ölendigini, 35 adamyň bolsa tapylmaýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG