Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ukrainada urşuň başyndan bäri 9 müňden gowrak parahat adam öldürildi


Ukrainada uruş başlanaly bäri 9 müň 83 sany parahat adam öldürildi.
Ukrainada uruş başlanaly bäri 9 müň 83 sany parahat adam öldürildi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy Ukrainada geçen ýylyň fewral aýyndan 18-nji iýuna çenli aralykda, Russiýanyň sebäpsiz çozuşy başlanaly bäri 9 müň 83 sany parahat adamyň öldürilendigini we 15,779 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

BMG 19-njy iýunda çap eden beýanatynda diňe iýun aýynda 112 sany parahat ýaşaýjynyň ölüminiň we 445 adamyň ýaralanmagynyň tassyk bolandygyny, hakyky sanlaryň has köp bolmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy.

Ölenleriň köpüsi agyr artilleriýa oklary astynda, raketa we howa zarbalary netijesinde öldi diýip, BMG aýtdy.

XS
SM
MD
LG