Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 25 ýyllygyny bu sebit birleşiginiň birnäçe esasy agzasynyň hem çekilen örän dartgynly döwründe belleýär. Hytaý, Russiýa, Eýran we beýleki ýurtlar üçin birleşigiň düýp manysy, ähtimal, anyk mazmundan has köp Günbataryň öňünde öz täsirini we garaşsyzlygyny görkezmekden ybaratdyr.
ŞHG-niň 25 ýyllygyna gabat gelen Bişkek sammiti gitdigiçe giňeýän bu sebit birleşiginiň agzalarynyň köpüsine göni täsir edýän global durnuksyzlyk şertlerinde geçirilýär.
Eýran ABŞ bilen uruş ýagdaýynda. Russiýanyň Ukraina garşy urşy gowşamagyň alamatlary bolmazdan dowam edýär. Hytaý söwda meselesinde ABŞ-nyň barha artýan basyşyna duçar bolýar. Ýadro ýaragyna eýe garşydaşlar Hindistan bilen Pakistan bolsa bäsdeşligine garamazdan, biri-biriniň ýanynda otyrlar. Bular diňe käbir mysallardyr.
Merkezi Aziýadan bolan dört agza — sammiti kabul edýän Gyrgyzystan, şeýle-de Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan — sebitde möhüm oýunçylar bolup çykyş edýärler. Şol bir wagtda olar öz täsirini artdyrmaga çalyşýan Hytaý, Russiýa, Hindistan, şeýle-de ŞHG-niň agzasy bolmadyk ABŞ ýaly ýurtlaryň üns merkezinde durýarlar.
ŞHG-niň baş sekretary, gazagystanly Nurlan Ýermekbaýew Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň neşiri bolan «Ženmin žibao» gazetine beren interwýusynda «Şanhaý ruhuna» ýokary baha berdi. Onuň sözlerine görä, bu düşünje özara ynamy, hormaty we bähbidi, şeýle-de birleşigi «Global Günorta» diýlip atlandyrylýan ýurtlar üçin özüne çekiji edýän beýleki häsiýetleri özünde jemleýär.
Emma bu «umumy gymmatlyklaryň» aňyrsynda düýpli düşünişmezlikler bar. Agzalar ŞHG platformasyny köplenç biri-birine çapraz gelýän öz maksatlaryny öňe sürmek üçin ulanýarlar.
Gyrgyzystanly syýasatşynas Emil Juraýewiň aýtmagyna görä, her bir agzanyň «öz pozisiýasy bar, iri güýçleriň garaýyşlary hem dürli».
«Hytaý bilen Hindistanyň köp mesele boýunça pozisiýalary tapawutlanýar, olaryň arasynda jedelli meseleler hem bar» diýip, Juraýew belleýär. «Russiýa dünýä syýasatyna täsir etmäge çalyşýar we... urşuny togtatman dowam etdirýär. Mundan başga-da, Eýran bar. Hemmeler Eýranyň näme etjekdigine garaşýar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
ŞHG 25 ýyl mundan ozal Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan döredildi. Soňra gurama Hindistan, Pakistan, Eýran we Belarus goşuldy. Synçy döwletler we dialog boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde ŞHG dünýä ilatynyň ýarysyna golaýyny we dünýä ykdysadyýetiniň takmynan dörtden birini öz içine alýar.
«Şu gün Bişkek dünýäniň paýtagtyna öwrüldi» diýip, ýolbaşçylar resmi sammitiň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn duşuşyklara ýygnanan mahaly, ýerli gazetleriň biri 31-nji awgustda jar etdi.
1-nji sentýabrdaky duşuşykda Bişkek Jarnamasynyň, şeýle-de howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, daşky gurşawy goramak, emeli aň, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine degişli ýörite beýanatlaryň hem-de kararlaryň kabul edilmegine garaşylýar.
Emma öňki duşuşyklar möhüm kararlaryň kabul edilmegine getirmedi. Şonuň üçin hem bu, guramanyň iri we kiçi agzalary üçin mazmunly işden has köp özüni görkezmek mümkinçiligi bolup biler.
Merkezi Ýewropa Aziýa barlaglary institutynyň ştatdan daşary ylmy işgäri we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Rid Stendişiň pikirine görä, guramanyň içindäki düýpli düşünişmezliklere garamazdan, ŞHG öz agzalaryna we synçylaryna halkara arenasynda bilelikde çykyş etmek hem-de has iri birleşigiň täsirini görkezmek üçin platforma hödürleýär.
«ŞHG-niň möhüm syýasy üstünlikleri bolmazlygy we onuň işiniň içerki bäsdeşlik sebäpli çäklendirilmegi mümkin. Emma ŞHG bu liderleri Günbatar güýçleriniň agalyk etmeýän forumynda bir ýere jemlemek bilen öz wezipesini aýdyň ýerine ýetirýär» diýip, Stendiş aýdýar. «ŞHG-niň liderleri muňa, elbetde, ähmiýet berýärler. Ýogsam, olar bu ýere gelmezdiler.»
Hytaý ŞHG-niň iň täsirli agzasydyr. Onuň ykdysady agramy bolsa Pekini söwda bilen bagly barha artýan halkara basyşynyň merkezine çykardy.
31-nji awgustda Demirgazyk Karolinanyň Eşwill şäherinde geçiriljek «Uly ýigrimiligiň» (G20) maliýe ministrleriniň we merkezi banklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent G20-niň gatnaşyjylaryny Hytaý bilen söwda gatnaşyklaryna gaýtadan seretmäge çagyrjakdygyny aýtdy. Ol Pekiniň dünýä söwdasyndaky takmynan 1,2 trillion dollarlyk profisitini durnuksyz diýip atlandyrdy.
Geçen hepde Bessent ýurtlary «Tähran ýalňyz galýança bu zalym režimi aýakta saklaýan ähli ykdysady damarlary kesmek» tagallalarynyň çäginde Eýran bilen gatnaşyklaryny üzmäge çagyrdy.
Eýran ŞHG sammitiniň özüniň ýalňyz däldigini görkezmegine umyt baglaýar.
«Eýran bilen Amerikanyň arasyndaky gapma-garşylykda has ýiti garaýyşlara, Günbataryň täsiri we basyşy baradaky beýanatlara, Eýranda bolup geçýän ýagdaýlar bilen ylalaşylmaýandygyny görkezýän çykyşlara ýa-da “Siz nädogry işler edýärsiňiz” diýen ýaly sözlere garaşmak gerek» diýip, gyrgyzystanly syýasatşynas Çinara Esengul aýdýar.
Ukraina garşy urşy sebäpli Günbataryň gitdigiçe berk sanksiýalaryna duçar bolýan Russiýanyň ýagdaýy hem şoňa meňzeýär. Halkara Jenaýat Kazyýeti 2023-nji ýylda ukrain çagalarynyň Russiýa bikanun äkidilmegi bilen bagly uruş jenaýatlarynda güman edilýän Putini tussag etmek barada order çykardy.
Stendişiň sözlerine görä, ŞHG duşuşyklary Hytaý üçin «dünýä öňünde möhüm bir keşbi döredip, esasy global kararlaryň Günbatar liderleriniň gatnaşmagyndan hem kabul edilip bilinjekdigini görkezmek bilen peýdaly rol oýnaýar».
Forum