Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýer-ministri Eýrany howa bazasyndaky waka bilen baglanyşdyrýar

27-nji sentýabrda Beýik Britaniýadaky RAF Fairford howa bazasynyň golaýynda bolan waka polisiýanyň giň gerimli çäre görmegine sebäp boldy.
27-nji sentýabrda Beýik Britaniýadaky RAF Fairford howa bazasynyň golaýynda bolan waka polisiýanyň giň gerimli çäre görmegine sebäp boldy.

Tähranyň ABŞ-nyň güýçleri tarapyndan Eýrana hüjüm etmek üçin ulanylýan britan howa bazasynyň golaýyndaky şübheli hereketlere gatnaşandygy barada “güýçli alamatlar” bar diýip, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Andy Burnham 30-njy sentýabrda aýtdy.

27-nji sentýabrda polisiýanyň uly reaksiýasyna sebäp bolan wakada 20 ýaşlaryndaky bäş britaniýaly erkek terrorçylykda we partlaýjy maddalary ulanmakda güman edilip, Angliýanyň günbataryndaky RAF Fairford howa bazasynyň golaýynda tussag edildi.

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Andy Burnham (arhiw suraty)
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Andy Burnham (arhiw suraty)

Güman edilýänleriň bäşisi hem Londonda ýaşaýar. Derňew dowam edýän mahaly, olar girew tölegi esasynda boşadyldy.

“Geçen hepdäniň ahyrynda RAF Fairfordda bolan wakalara Eýranyň gatnaşandygyny görkezýän güýçli alamatlar bar, ýöne elbetde, bu polisiýanyň dowam edýän, çylşyrymly we çynlakaý derňewi bolmagynda galýar” diýip, Burnham BBC neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Britaniýanyň aýyplamalaryny ret edip, Londonyň “ýalňyş agaja gygyrýandygyny”, ýagny ýalňyş adamy günäkärleýändigini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi (arhiw suraty)
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi (arhiw suraty)

Burnhamyň beýanatyndan birnäçe sagat soň, 30-njy sentýabrda sosial mediada ýaýradan maglumatynda Arakçi daşary ýurt döwleti üçin işleýändigi “aýdylýan terrorçylaryň” boşadylmagynyň “ähli zady görkezýändigini” ýazdy.

Burnhamyň sözlerine çenli Britaniýa Fairford wakalaryny Eýran bilen baglanyşdyrmady, emma terrorçylyga garşy göreş polisiýasy öz derňewleriniň daşary ýurt döwletleriniň gatnaşygynyň we “bilip ýa-da bilmän daşary ýurt döwletiniň adyndan işleýän” araçy adamlaryň gatnaşygynyň mümkinçiligini göz öňünde tutýandygyny belledi.

Makala Reuters neşiriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG