Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň goranmak ministri Kiýewe sapar edýär


 Britaniýanyň goranmak ministri Ben Wallase (çepde) we özüniň ukrainaly kärdeşi Oleksiý Reznik bilen Kiýewde elleşýär. 24-nji maý
Britaniýanyň goranmak ministri Ben Wallase (çepde) we özüniň ukrainaly kärdeşi Oleksiý Reznik bilen Kiýewde elleşýär. 24-nji maý

24-nji maýda Britaniýanyň goranmak ministri Ben Wallase öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kiýewe gelende, özüniň ukrainaly kärdeşi Oleksiý Reznik bilen duşuşdy. Bu barada Ukrainanyň Goranmak ministrligi habar berýär.

Bu saparyň ertesi güni Ukrainanyň Goranyş Habar Toparynyň onlaýn duşuşygy geçmeli. Onuň düzüminde Russiýanyň bikanun basybalyjylykly hüjümine garşy durmakda Kiýewe ýardam berýän onlarça döwlet bar.

“Biz esgerlerimiziň Britaniýanyň territoriýasyndaky dowam edýän türgenleşikleri, bularyň ähmiýeti barada gürrüň etdik. Biziň Britaniýada tälim alan uçarmanlar bilen elleşmäge mümkinçiligimiz boldy. Olar eýýäm Storm Shadow ýaraglaryny üstünlikli ulanýarlar” diýip, Reznikow ministrligiň websaýtynda çap edilen beýanatda aýtdy.

Wallase Britaniýanyň Ukraina beren uzak aralyga niýetlenen Storm Shadow raketalarynyň bu kysymly ýaraglaryň ilkinji görnüşi bolandygyny belledi diýip, beýanatda aýdylýar.

“Biz Russiýanyň uzak aralyga niýetlenen raketalar bilen ýaşaýjylara we möhüm raýat infrastruktura desgalaryna zeper ýetirmegini dowam etdirýändigi üçin, bu hili ýaraglar bilen üpjün etdik” diýip, Wallase nygtady.

Reznikow 23-nji maýda ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin bilen hem telefon söhbetdeşligini geçirdi. Onuň dowamynda ABŞ-nyň Ukraina babatyndaky hemaýat tagallalarynyň häzirki ýagdaýy gürrüň edildi.

Bu aralykda, Russiýanyň Ukrainanyň Herson regionyna uran zarbalary netijesinde parahat ilatyň arasyndan iki adam öldi, başga-da üçüsi ýaralandy. Bu barada regional resmi 24-nji maýda habar berdi.

“Russiýa [Hersonyň] Beryslaw etrabyndaky köp ilatly ýerleri we infrastruktura desgalaryny nyşana aldy” diýip, Hersonyň regional harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin Telegram kanalynda aýtdy.

Ol rus güýçleriniň Ukrainanyň hökümetiniň Hersondaky gözegçilik edýän sebitlerine agyr artilleriýa toplaryny, Grad raketalaryny atandygyny, şeýle-de tanklar we dronlar bilen hem zarba urandygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, jemi hasapda 64 sany zarba urlupdyr.

Geçen güýzde Ukraina Herson regionynyň käbir sebitlerini yzyna alanyndan soňra, Russiýa Dnepr derýasynyň beýleki kenaryndan tas her gün diýen ýaly bu sebite hüjüm etmegini dowam etdirýär.

Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň ugrundaky söweşler hem dowam edýär. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 24-nji maýda beren maglumatyna görä, geçen 24 sagadyň dowamynda ukrain goragçylary rus güýçleriniň 26 hüjümini yza tesdiripdirler.

Russiýa esasy ünsi Donetsk regionyndaky Bahmut-Awdiýiwka-Marýinka front çyzygyna gönükdirýär.

Ukrain harbylarynyň gündelik brifingine görä, Russiýanyň güýçleri Bahmutyň demirgazygyndaky Lyman şäherine we Harkiw regionyndaky Kupýansk sebitine hem zarbalary urýar.

Soňky günler hem Russiýa, hem-de Ukraina Bahmutda üstünlik gazanýandygyny aýdýarlar.

Russiýa ençeme aýlap dowam eden söweşlerden we müňlerçe adam ýitgilerinden soň, Bahmuty doly gözegçilige alandygyny öňe sürýär. Emma Ukrainanyň harbylary şäheri gabawa almak maksady bilen, demirgazyk we günorta flanglar boýunça öňe ilerleýändigini aýdýarlar.

Forum

XS
SM
MD
LG