Russiýanyň halkara buz hokkeýi ýaryşlaryna gaýtadan gatnaşmagyna rugsat berýän kazyýet kararyna garşy çykýan ýurtlaryň sany artýar. Olar Moskwanyň iberjek islendik topary bilen oýnamagy boýkot etjekdiklerini aýdýarlar. Bu bolsa geljek ýylky dünýä çempionatynyň geçirilmegini howp astyna salýar.
Hokkeýde güýçli ýurtlaryň biri bolan Russiýa Moskwanyň 2022-nji ýylda Ukraina giň gerimli çozuşa başlamagyndan bäri Halkara buz hokkeýi federasiýasy (IIHF) tarapyndan halkara ýaryşlaryndan çetleşdirilip gelýär.
Emma Sport arbitraž kazyýeti (CAS) 30-njy oktýabrda federasiýanyň geljek aý Kanadada geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyndan başlap, rus toparlarynyň ýaryşlara gaýtadan gatnaşdyrylmalydygy barada karar çykardy. IIHF karar bilen ylalaşmaýandygyny, emma ony ýerine ýetijekdigini aýtdy.
Bu karar Ukrainanyň we Kiýewi goldaýan, hokkeýde güýçli ýurtlaryň köpüsiniň ýiti tankydyna sebäp boldy. Kiýew kazyýetiň kararynyň "buzy ukrainleriň ganyna boýaýandygyny" aýdyp, hyzmatdaşlaryny Russiýanyň dolanmagyna garşy "berk tutum eýelemäge" çagyrýar.
"Russiýa bilen Belarus Ukrainadaky bu bikanun, esasyz we aýylganç urşy goldaýarlar. Bu dowam edýän wagty, şol türgenleriň hiç biri öz ýurdunyň adyndan Kanadada ýaryşa gatnaşmaz" diýip, premýer-ministr Mark Karni 3-nji noýabrda aýtdy.
Karniniň beýanaty aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi iki aýdan hem az wagtdan Kanada ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny kabul eder. Bu ýaryş 2022-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan bäri Russiýanyň gatnaşmagyndaky ilkinji iri bäsleşik bolmalydy. Kreml şol Olimpiýa oýunlary tamamlanandan sanlyja gün soň Ukraina giň gerimli çozuşa başlady.
Ýewropanyň azyndan alty ýurdy, şol sanda hokkeýde güýçli Şwesiýa, Çehiýa, Norwegiýa, Daniýa, Latwiýa we erkekleriň arasynda häzirki dünýä çempiony bolan Finlýandiýa kazyýetiň kararyna garamazdan, Russiýa bilen oýnamakdan ýüz öwürjekdiklerini aýdýarlar.
2027-nji ýylyň maýynda dünýä çempionatyny kabul etmeli Germaniýanyň hokkeý federasiýasy bu kararyň ýaryşy guraýjy ýurt hökmünde özi üçin "ýagdaýy düýpgöter üýtgedýändigini" aýtdy.
"Russiýanyň gatnaşmagyna rugsat berilmegi ýaryşy kabul edýän ýurt hökmünde biziň üçin howpsuzlyk, şeýle-de syýasy we ykdysady taýdan çynlakaý netijelere getirer" diýip, Germaniýanyň buz hokkeýi federasiýasynyň (DEB) başlygy Frank Luts aýtdy. Onuň sözlerine görä, DEB mundan beýläk nähili hereket etjekdigini seljerýär.
"Biziň tutumymyz üýtgewsiz galýar: biz Russiýanyň milli ýygyndylarynyň halkara buz hokkeýi ýaryşlaryna gaýdyp gelmegine garşy" diýip, Luts aýtdy.
Erkekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna uzak wagt bäri hemaýatkärlik edýän birnäçe kompaniýa, şol sanda Şwesiýanyň "AJ Products" mebel kompaniýasy, Germaniýanyň iş eşiklerini öndürýän "STRAUSS" kompaniýasy we Çehiýanyň "Škoda Auto" awtoulag öndürijisi Russiýanyň topary gaýtadan ýaryşa gatnaşdyrylsa, öz gatnaşygyna täzeden seretjekdigini eýýäm mälim etdi.
CAS-yň karary Ukrainada hem uly seslenme döretdi.
Ukrain häkimiýetleri Russiýanyň urşunda ýurduň ýüzlerçe türgeniniň öldürilendigini we Moskwanyň dyngysyz howa hüjümlerinde ýüzlerçe sport desgasyna zeper ýetendigini ýa-da olaryň weýran bolandygyny ençeme gezek belläpdi.
Ukrainanyň buz hokkeýi federasiýasy teswir bermek haýyşyna dessine jogap bermedi. Emma daşary işler ministri Andriý Sibiga 4-nji noýabrda sosial mediada ýaýradan beýanatynda "buzuň üstünde-de [Russiýa üçin] jezasyzlygyň ýokdugyny" aýtdy.
"Moskwa öz jenaýatlaryny hokkeý köýnekçesiniň aňrysynda gizläp biljekdigine we buz meýdançasynyň özüne ýeten abraý ýitgisini dikeldip biljekdigine henizem ynanýar" diýip, ol aýtdy. Sibiga Kanadanyň ädimini goldap, beýleki ýurtlary hem boýkota goşulmaga çagyrdy.
Moskwa özüniň halkara hokkeýine dolanmagyna garşy güýçlenýän nägileligiň ähmiýetini pes görkezmäge çalyşýan ýaly boldy. Sport ministri Mihail Degtýarýow "dünýäniň Skandinawiýadan ýa-da Baltika ýurtlaryndan has uludygyny" aýtdy.
CAS öz kararynda IIHF-niň rus toparlaryna garşy gadagançylygy saklamak üçin getirýän esaslarynyň, şol sanda howpsuzlyk aladalarynyň "ýeterlik subutnamalar bilen tassyklanmandygyny" aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, kazyýet Russiýany birnäçe ýyllyk arakesmeden soň ýaryşlara nähili gaýtadan goşmalydygy barada federasiýa üçin hiç hili görkezme bermedi. Russiýanyň gatnaşmadyk şol ýyllarynda bu sportuň ýagdaýy ep-esli üýtgäpdi.
IIHF karardan "lapykeç bolandygyny" aýtsa-da, 30-njy oktýabrda "oňa laýyklykda hereket etjekdigini" mälim etdi. Federasiýa soňra CAS-yň kararynyň "dünýä derejesindäki täsirine düýpli kembaha garalandygyny" sözüne goşdy.
"Rus toparlarynyň haýal etmän gaýtadan goşulmagy amaly we sport taýdan çynlakaý kynçylyklary döredýär" diýip, IIHF 4-nji noýabrda aýtdy. Ol "wiza we ýurda giriş talaplaryny, howpsuzlyk çärelerini, logistika çäklendirmelerini we ýaryşlaryň formatlaryna ýetirjek täsirini" agzady. "Käbir ýaryşlaryň başlanmagyna bary-ýogy birnäçe hepde galandygy sebäpli wagtyň çäklidigi bularyň ählisini has-da kynlaşdyrýar".
CAS-yň karary 6-njy noýabrda Daniýada başlanjak zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna degişli däl. Russiýa şol ýaryşa gatnaşmaz.
Russiýa 1992-nji ýylda Sowet Soýuzynyň oruntutary bolanyndan bäri, onuň erkekler ýygyndysy bäş gezek dünýä çempiony boldy we Olimpiýa oýunlarynda bir altyn medal gazandy. Sowet toparlary bolsa ýurt dargamazdan öň 22 gezek dünýä çempiony bolup, Olimpiýa oýunlarynda ýedi altyn medal gazanypdy.
Forum