Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeh prezidenti Ukrainanyň NATO sammitinde berk goldanjakdygyny çaklaýar


Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel 14-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna interwýu berdi.
Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel 14-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna interwýu berdi.

Çehiýanyň prezidenti, NATO-nyň ozalky ýokary derejeli resmisi Petr Pawel harby bileleşigiň gelýän aýdaky sammitinde Kiýewi uzak möhletleýin goldamak meselesinde berk beýanat edilmegine we Ukrainanyň ýaranlyga agza bolmagynyň ähmiýetiniň boýun alynmagyna garaşýar.

Pawel 14-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda, Ukrainanyň harby güýçleriniň ýagdaýy, ýurduň gaýtadan gurulmagy barada hem gürrüň edip, NATO liderleriniň 11-12-nji iýulda Litwanyň Wilnius şäherinde geçiriljek sammitde Ukraina beriljek goldaw baradaky pikirlerini aýtdy.

Sammite Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar we bu ýygnanyşygyň ähmiýetini görkezer.

“Ukrainany uzak möhletleýin goldamak meselesinde meniň garaşýan zadym hakykatdanam berk beýanat. Men bir topar ýurduň Ukrainany uzak möhletleýin goldamak planyny ylalaşýandygyny, bir gezeklik goşantlara esaslanman, seresap planlaşdyrylan uzak möhletleýin prosedura gol ýapýandygyny görýärin" diýip, ol ABŞ hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän neşiriň Pragadaky baş edarasynda beren interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG