Çernogoriýanyň Çetinje şäherinde bir agaja berkidilen partlaýjy enjamyň uzakdan partladylmagy netijesinde iki adam öldi we başga-da üç adam ýaralandy diýip, polisiýa 20-nji iýunda aýtdy.
Çernogoriýa polisiýasynyň müdiri Aleksandar Radowiç ölen iki adamyň Petar Kaluđerowiçiň we Dragan Roganowiçiň guramaçylykly jenaýat toparlarynyň agzalarydygyny tassyklady.
Radowiçiň orunbasary Lazar Sçepanowiç žurnalistlere beren maglumatynda hüjümçileriň pidalary yzarlap, endiklerine gözegçilik edendiklerini we olaryň sowutly awtoulaglary ulanýandyklaryny bilýändigini aýtdy.
Hüjümde ulanylan, elde ýasalan partlaýjy enjamyň agajyň depesinde, 7 metr beýiklikde ýerleşdirilendigini, Sçepanowiç aýtdy. Ol hüjümde sport merkezine girip barýan dört adamyň nyşana alnandygyny belledi.
Kaluderowiç wakanyň bolan ýerinde, Roganowiç keselhanada aradan çykdy.
Sçepanowiç bu hüjümiň garşydaş jenaýat topary tarapyndan ar almak maksady bilen amala aşyrylandygyna ynanylýandygyny aýtdy.