Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çeçenistanyň birinji hanymy moda görkezilişini gurnady

1-nji noýabrda Çeçenistanyň paýtagty Groznyda moda görkezilişi geçirildi. Onda Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň aýaly Medni Kadyrowa tarapyndan 2009-njy ýylda düýbi tutulan "Firdaws" moda öýüniň täze işleri görkezildi. Kadyrowa "Firdaws" moda öýüniň maksadynyň döwrebap hem owadan, şol bir wagtyň özünde-de yslamyň geýim talaplaryna laýyk gelýän egin-eşik nugsalaryny döredip, "Orta Gündogar moda dünýäsini eýelemekdigini" aýdýar. Mundan öň "Firdaws" Dubaýda hem moda görkezilişini geçiripdi, ol şeýle çäräni Saud Arabystanynda hem geçirmekligi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG