Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CNN: Ukraina Russiýada diwersiýa toparyny döredip, olary dron bilen üpjün edýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ukraina Russiýada diwersiýa öýjüklerini döretdi we olara ýurt içindäki hüjümleri gurnamak üçin pilotsyz uçar iberýär. CNN bu habary ABŞ-nyň aňtaw maglumatlaryndan habarly resmileriň sözlerine salgylanyp berdi.

Amerikan resmileriniň sözlerine görä, döredilen öýjükler Kiýewiň rus agressiýasyna garşy göreşinde Ukraina duýgudaşlyk bildirýän we gowy tälim berlen operatorlardan ybarat.

CNN-iň söhbetdeşleri maý aýynyň başynda Kremle garşy guralan dron hüjüminiň hem rus çäginiň içinden, hut şol adamlar tarapyndan amala aşyrylan pilotsyz uçar hüjümi bolandygyny aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, Ukraina öz tarapdarlaryna ýurt içinde öndürilen dronlary iberýär. ABŞ-nyň iki resmisiniň aýtmagyna görä, bu zarbalaryň ABŞ-nyň iberen pilotsyz uçarlary tarapyndan urlandygy barada hiç hili subutnama ýok.

CNN-iň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Ukraina Russiýa gaçakçylyk ýollaryny gurup, şol ýollardan pilotsyz uçarlary ýa-da olaryň soň ulanyljak böleklerini iberýär.

Soňky hepdelerde rus nyşanalaryna garşy gurnalýan dron hüjümleri ýygjamlaşdy.

Görnüşinden, bu ukrainalylaryň şunuň ýaly diwersiýa hereketleri üçin infrastruktura gurmak ugrunda eden "birnäçe aýlyk tagallasnyň iň ýokary nokady" bolup durýar diýip, CNN-iň söhbetdeşi aýtdy.

XS
SM
MD
LG