1917-nji ýyldaky Rus rewolýusiýasy Merkezi Aziýada bulam-bujarlygy we söweşi başlatmazdan gysga wagt öň, bir suratçy şu günki Türkmenistan sebitini surata düşürdi.
Imperiýanyň soňy: Tsar döwründäki Türkmenistandan reňkli suratlar
1917-nji ýyldaky Rus rewolýusiýasy Merkezi Aziýada bulam-bujarlygy we söweşi başlatmazdan gysga wagt öň, bir suratçy şu günki Türkmenistan sebitini surata düşürdi.
1
1911-nji ýylda Marynyň golaýynda pagta çigidinden ýag öndürýän zawodyň işgärleri.
Bu surat we fotosergidäki beýleki suratlar 1906-1911-nji ýyllar aralygynda Sergeý Prokudin-Gorski tarapyndan düşürildi. Beýik rus suratçysy Russiýanyň tsar döwründe düşüren suratlary bilen örän meşhurdyr, emma ol häzirki Türkmenistanyň topraklarynda-da onlarça ajaýyp suraty döredipdir. Suratlar uzak, syrly toprak bolan - köpler üçin heniz-de şeýle bolmagynda galýan - sebit hakda haýran galdyryjy düşünje berýär.

2
Pagtanyň çigidinden ýag öndürilýän zawodyň içi. Diwardaky ýazgyda işçilere giňişligi “arassa we tertipli” saklamak barada duýdurylýar we “düzgüni bozanlaryň berk jezalandyryljakdygy" aýdylýar.
Gorskiý reňk süzgüçleri bilen surata düşürilmegi üçin her sahnanyň üç sany aýratyn suratyny talap edýän reňkli surata düşürişiň irki usulyny kämilleşdirdi. Üç çüýşe plastinasy işlenip düzülende we olaryň içinden gyzyl, ýaşyl hem-de gök yşyklar geçirilende, reňkli surat şekillendirip bolýardy.

3
Baýramalyda harby adam
4
Baýramalynyň golaýyndaky Merwiň harabalyklary. Gadymy oturymly ýer bir wagtlar dünýäniň iň uly şäheri bolup, bu ýerde takmynan 500 müň adam ýaşaýardy.