Soňky döwürde Baku Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Azerbaýjan sebit liderleriniň maslahat duşuşyklaryna doly hukukly gatnaşyjy boldy we 2027-nji ýylda ilkinji gezek bu formata başlyklyk eder. Ýurt Gyrgyzystan bilen ýaranlyk, Özbegistan bilen baky dostluk baradaky şertnamalara gol çekdi, bilelikdäki maýa goýum gaznalaryny döretdi. Azerbaýjanly telekeçiler sebitde taslamalary durmuşa geçirýärler. Sentýabrda bolsa Baku özbek asylly rus oligarhy Alişer Usmanowdan Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalarynyň aýrylmagy bilen bagly waka goşuldy. Bularyň ählisi onuň esasy ýarany Türkiýe bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşýan wagtyna gabat gelýär. Bu ýakynlaşmagyň aňyrsynda näme bar: täze bazarlar we söwda ýollarymy, syýasy elitalaryň bähbitlerimi ýa-da «uly agalaryň» täsirinden dynmak islegimi?
Wideo (rusça): Moskwa we Ankara bilen aradaky dartgynlylygyň fonunda, näme üçin Baku bilen Merkezi Aziýa biri-birine has ýakynlaşýarlar?
Hormatly myhmandan başlyga çenli
Birnäçe ýyl ozal Ylham Aliýew Merkezi Aziýa liderleriniň maslahat duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýardy. Indi Azerbaýjan bu syýasy toparyň doly hukukly agzasy. Aliýew täze derejede ilkinji gezek 2026-njy ýylyň tomsunda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Geljek ýyl bolsa Baku ilkinji gezek bu formata başlyklyk etmeli.
Bu diňe resmi derejäniň üýtgemegi däl. Aliýewiň öz sözlerine görä, ol üç ýarym ýylyň dowamynda sebite 16 gezek sapar edipdir, merkezi aziýaly kärdeşleri bolsa Azerbaýjana 26 gezek barypdyrlar.
«Bu sanlar gatnaşyklarymyzyň depginini we ýakynlygyny, häzirki wagtda Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjanyň eýýäm bitewi geosyýasy we geoykdysady sebite öwrülendigini islendik sözden has aýdyň görkezýär» diýip, Aliýew Çolpon-Atada aýtdy.
Bu diplomatik işjeňligiň aňyrsynda anyk ylalaşyklar we pul bar. Azerbaýjan Gyrgyzystan bilen ýaranlyk gatnaşyklary baradaky şertnama gol çekdi. Özbegistan bilen bolsa baky dostluk baradaky resminama baglaşdy. Aliýewiň kömekçisi Hikmet Hajiýewiň sözlerine görä, bu Bakunyň diplomatik tejribesinde şeýle görnüşli ilkinji resminamadyr.
Azerbaýjan Bişkek, Daşkent we Astana bilen bilelikdäki maýa goýum gaznalaryny döretdi. Olaryň maýasy ýylsaýyn artýar. Ýurtlar biri-birinde mekdepleri, seýilgähleri, myhmanhanalary açýarlar we täze işewürlik taslamalaryna başlaýarlar.
«Biz Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkazyň arasynda berk köpri gurarys, bitewi hyzmatdaşlyk giňişligini döretmäge ýol açarys. Bu, elbetde, iki sebitiň hem strategik arabaglanyşygyny we durnuklylygyny güýçlendirer» diýip, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýakynlaşma barada aýtdy.
Söwda gatnaşyklary hem ösýär. Aliýewiň sözlerine görä, 2025-nji ýylda Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 50 göterimden gowrak artdy. Azerbaýjanyň özünde Merkezi Aziýa maýasynyň gatnaşmagynda döredilen 400-den gowrak kompaniýa işleýär.
Usmanowdan sanksiýalaryň aýrylmagyna Baku nähili goşuldy?
Ýakynlaşma diňe açyk syýasatda däl, ýapyk gapylaryň aňyrsynda hem görünýär. Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Fransiýanyň we Russiýanyň iň meşhur milliarderleriniň biriniň bähbitlerini garaşylmadyk ýagdaýda birleşdiren waka munuň bir mysaly bolup biler.
Sentýabrda Azerbaýjan, göräýmäge, özüne asla dahyly bolmadyk bir wakanyň merkezinde peýda boldy. Ýewropa Bileleşigi özbek asylly rus oligarhy Alişer Usmanowdan sanksiýalary aýyrdy.
Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu başlangyjy Fransiýa bilen Slowakiýa öňe sürüpdir. Emma «Financial Times» we «Reuters» ýene bir gyzyklanýan tarap bolan Azerbaýjan barada habar berdiler. Žurnalistleriň maglumatyna görä, Pariže hut Baku basyş eden bolmagy mümkin.
Şol wagt Azerbaýjanda Fransiýanyň iki raýaty tussaglykda saklanýardy. Iki ýurduň gatnaşyklary, esasan-da Ermenistan bilen bagly meseleler sebäpli, örän dartgynlydy. Usmanowdan sanksiýalar aýrylandan soň, Baku içalyçylykda aýyplanyp höküm edilen fransuzlaryň birini günä geçiş esasynda boşatdy.
Bu wakalaryň arasynda göni baglanyşyk barmydy? Azerbaýjan sanksiýalaryň aýrylmagy üçin tagalla edendigi baradaky habarlary ret etdi.
Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň deputaty Rasim Musabekow hem Bakunyň Usmanowyň bähbidine hereket edendigini inkär edýär. Onuň düşündirişine görä, çäklendirmeleriň aýrylmagyna, ilkinji nobatda, Pariž bilen Daşkent gyzyklanypdyr. Deputatyň öňe sürmegine görä, Fransiýa atom elektrik stansiýalary üçin özbek urany gerek, fransuz raýatynyň boşadylmagy bolsa ylalaşyklaryň goşmaça şerti bolupdyr.
«Özbegistan tagalla etdi, Makron tagalla etdi. Öz raýatlarynyň öňünde gowy görünmek üçin Makron Mirziýoýewden Azerbaýjany diňe Usmanow baradaky ylalaşyga razy bolmaga däl, tussag edilen fransuz içalysyny hem boşatmaga yrmagyny gaýta-gaýta haýyş etdi. Ýagny Azerbaýjan hiç zat üçin lobbiçilik etmedi. Ol köp sanly haýyşy kanagatlandyrdy» diýip, Musabekow aýdýar.
Parižde fransuz raýatynyň boşadylmagy Baku bilen «sabyrly» gepleşikleriň netijesi diýlip atlandyryldy. Munuň Usmanowdan sanksiýalaryň aýrylmagy bilen baglanyşygy barada açyk beýanat berilmedi.
Azerbaýjanyň bu meselede hakykatdan-da Özbegistana kömek edendigini çaklasak, ol munuň deregine näme alyp bilerdi? Syýasatçy alym, «Central Asia Due Diligence» guramasynyň ýolbaşçysy Alişer Ilhamow munuň ykdysady bähbitler bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
«Häzir [Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy] SOCAR-yň Özbegistanyň nebit-gaz pudagynda belli bir ýeňillikleri alýandygyny bilýäris. Ol ýerde işlejek käbir kompaniýalar bolsa Azerbaýjanyň prezident maşgalasyna ýakyn. Şeýle alyş-çalyşlar ýapyk gapylaryň aňyrsynda bolup geçýär. Geosyýasy bileleşikden başga-da, bu ýerde oligarhik bileleşik hem bar» diýip, Alişer Ilhamow hasaplaýar.
Ýewraziýa sebitini öwrenýän türk taryhçysy Ogul Tuna bu waka başga tarapdan seretmegi teklip edýär. Onuň pikiriçe, gepleşikleriň jikme-jikliklerine garamazdan, bu waka Azerbaýjan diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini görkezýär. Bilermeniň çaklamagyna görä, hatda Pariž bilen dawa içindekä-de, Baku halkara gepleşikleriniň täsirli gatnaşyjysy bolup bilen bolmagy mümkin.
«Azerbaýjan, ähtimal, Özbegistanyň haýyşy boýunça, belki-de, beýleki döwletleriň, şol sanda Russiýanyň haýyşlary boýunça öz diplomatik täsirinden peýdalanandyr. Biz Azerbaýjanyň Ýewropa parlamentindäki we ABŞ-daky işjeňligini köp ýyl bäri synlaýarys. Bu mesele boýunça ençeme barlag we derňew geçirildi. Azerbaýjan lobbiçilik işlerine uly serişdeleri gönükdirýär we üstünlik gazanýar» diýip, Tuna pikir ýöredýär.
Emin Agalarow we onuň taslamalary
Merkezi Aziýa üçin Azerbaýjan Günbatar bilen aragatnaşygyň goşmaça diplomatik ýoly bolup biler. Baku üçin bolsa ýakynlaşma täze ykdysady mümkinçilikleri, şol sanda syýasy elitalara ýakyn telekeçiler üçin mümkinçilikleri açýar.
Emin Agalarow rus-azerbaýjan aýdymçysy, iri telekeçi we Ylham Aliýewiň öňki giýewisi. Häzir ol Baku bilen Merkezi Aziýanyň ykdysady ýakynlaşmagynyň iň görnükli gatnaşyjylarynyň biridir.
Agalarow Daşkendiň esasy agyz suw çeşmesi bolan Çarwak suw howdanynyň kenarynda «Sea Breeze Uzbekistan» dynç alyş toplumyny gurýar. Onuň sözlerine görä, taslama üçin bu ýeri Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hut özi maslahat beripdir.
Kompaniýa ýer berlen şertler hem ünsi çekdi: 577 gektar ýer 25 ýyllyk kärendesine berlipdir. Getirilýän baha görä, şeýle meýdanyň kärendesiniň bazar bahasy takmynan 133 million ABŞ dollaryna barabar. Emma hakyky kärende tölegi 1,3 million dollar. Tapawut tas ýüz esse. Özbegistanyň häkimiýetleri muny kompaniýanyň infrastruktura üçin 240 million dollar möçberinde goşant tölemelidigi bilen düşündirýärler.
Gurluşyga kimiň badalga berendigi hem üns çekýär: Özbegistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri Mirziýoýew bilen Aliýewiň hut özleri. Syýasatçy alym Alişer Ilhamow şeýle taslamalaryň iki ýurduň täsirli toparlarynyň arasynda diňe ykdysady däl, şahsy gatnaşyklary hem berkidip biljekdigini aýdýar.
«Iki ýurduň, iň bolmanda şu ikisiniň arasynda oligarhik bileleşik bar. Beýlekiler bilen gatnaşyklaryň nähili ösjekdigini bilemok. Bularyň ählisi özara gatnaşyklary berkidýär we häzir Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýanyň arasynda emele gelýän bileleşigi güýçlendirýär» diýip, Ilhamow aýdýar.
«Sea Breeze» Özbegistanda prezident Aliýewiň töweregindäkiler bilen baglanyşdyrylýan ýeke-täk iri işewürlik taslamasy däl. Daşkentde Azerbaýjanyň «PASHA» holdingi bäş ýyldyzly myhmanhana we «The Ritz-Carlton» ýaşaýyş toplumyny gurýar. Yglan edilen bahasy 200 million ABŞ dollary.
«OCCRP» derňewçileriniň we azerbaýjanly žurnalistleriň maglumatlaryna görä, «PASHA» Holding Aliýewiň gyzlary Leýla we Arzu bilen baglanyşykly.
Geçen ýyl Emin Agalarow Gazagystanyň Mangystau welaýatynda halkara derejeli dynç alyş toplumyny açmak niýetini mälim etdi. Döwlet eýeçiligindäki «Kazakh Tourism» kompaniýasy bilen Agalarowyň «Sea Breeze Resort» kompaniýasy hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler. Olar Hazaryň Gazagystana degişli kenarynda Azerbaýjandaky «Sea Breeze» toplumyna meňzeş dynç alyş zolagyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra habar serişdeleri Gazagystan Bakuwa ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Alaköl kölüniň kenarynda şypahana-dynç alyş toplumyny gurmagy teklip etdi diýip ýazdylar.
«Biziň hemmämiz uly agalardan ýadadyk»
Uzak wagtlap Bakuyň esasy ýarany Türkiýe boldy. Munuň sebäbi diňe umumy taryh, dil ýa-da medeniýet däl. Ankara Azerbaýjanyň goşunyny döwrebaplaşdyrmakda hem möhüm orun eýeledi. Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri türk standartlaryny özleşdirdiler, türk ofiserleri bolsa harby geňeşçi bolup işlediler.
Häzir Merkezi Aziýada hem şuňa meňzeş hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ýakynda Özbegistan, Azerbaýjan we Türkiýe bilelikdäki harby türgenleşik geçirdiler. Ondan öň azerbaýjanly we gazagystanly harby deňizçiler Hazarda bilelikdäki hereketleri türgenleşipdiler.
«Türkiýe NATO ýurtlarynda ulanylýan standartlary geçirdi. Ýagny Türkiýe NATO bilen Azerbaýjanyň arasynda araçy boldy. Azerbaýjan bu gatnaşyklaryň netijesinde öz goranyş ukybyny güýçlendirdi. Indi bolsa bu tejribäni Merkezi Aziýa ýurtlaryna geçirýär. Sebit ýurtlary goranyş ukybynyň döwür bilen aýakdaş gitmegine gyzyklanýarlar» diýip, Ilhamow düşündirýär.
Emma bilermenleriň pikiriçe, möhüm bir aýratynlyk bar. Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ankarany sebitiň täze lideri hökmünde ykrar etmäge taýýardygyny aňlatmaýar. Azerbaýjanyň özi hem Türkiýe bilen taryhy taýdan ýakyn ýaranlygyna garamazdan, özbaşdaklygyny saklamaga çalyşýan ýaly görünýär.
«Bu özüňi «uly aga» diýip atlandyrmaga hukuk berýärmi? Meniň pikirimçe, biziň hemmämiz «uly agalardan» ýadadyk. Şu nukdaýnazardan, hiç birimize «uly aga» gerek däl. Bize ykdysadyýeti bilelikde ösdürjek, gatnaşyklarymyzy bilelikde berkidjek doganlar gerek» diýip, deputat Musabekow aýdýar.
Bu sözler Baku bilen Ankaranyň arasyndaky soňky düşünişmezlikleriň fonunda ýaňlanýar. Açyk dawanyň sebäpleriniň biri Azerbaýjanda mekdep egin-eşigine girizilen täze düzgünler boldy. Şol düzgünler sebäpli hijaply okuwçy gyzlar sapaklara goýberilmän başlandy.
Bu ýagdaý Türkiýede, şol sanda prezident Rejep Taýyp Erdogana ýakyn adamlaryň arasynda ýiti tankyt döretdi. Onuň geňeşçileriniň biri Baku barada aýratyn berk çykyşlaryndan soň wezipesinden mahrum boldy. Azerbaýjanda türk tankydy içerki işlere goşulmak diýlip atlandyryldy. Baş prokuratura Türkiýäniň sekiz raýatyny gözlege berdi, Daşary işler ministrligi bolsa birnäçe blogeriň, žurnalistiň we syýasatçynyň ýurda girmegini gadagan etdi.
Emma bilermenler hijap baradaky dawanyň has çuň gapma-garşylyklaryň daşky ýüze çykmasydygyny hasaplaýarlar.
«Garabaga gözegçiligi dikeltmäge çalşanda, Baku diňe Türkiýäniň däl, ýaraglaryň käbir görnüşlerini iberen Ysraýylyň hem harby goldawyndan peýdalandy. Muňa aýdyň mysal: BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Netanýahu çykyş edýärkä birnäçe wekiliýet zaldan çykyp gitdi, Azerbaýjan bolsa galdy» diýip, Alişer Ilhamow ýatladýar.
Türkiýe Ysraýyly berk tankytlaýan wagtynda, Azerbaýjan onuň bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Baku Ysraýylyň möhüm nebit üpjün edijileriniň biri bolmagynda galýar. Ysraýyldan bolsa Azerbaýjana ýarag iberilýär. Bu hyzmatdaşlygyň Ysraýyl üçin strategik ähmiýeti hem bar: Azerbaýjan Eýran bilen serhetleşýär. Ysraýylyň seljeriş merkezleri bu ýagdaýy iki ýurduň gatnaşyklaryndaky esasy şertleriň biri diýip atlandyrýarlar.
Merkezi Aziýa ýurtlary hem Ankaranyň syýasy maksatlaryny hemişe goldamaýarlar. Mysal üçin, Türkiýäniň köpýyllyk tagallalaryna garamazdan, olar Demirgazyk Kipriň garaşsyzlygyny henizem ykrar etmediler.
«Türkiýäniň agalyk ediji güýje öwrülmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň köpugurly daşary syýasatyna garşy gelýär. Hawa, medeni baglanyşyklar, duýgudaşlyk, «biz bir halk» diýen ýaly syýasy şygarlar bar. Emma ahyrky netijede gürrüň döwletler barada gidýär. Her döwletiň bähbitleri bolsa bir nokatda tapawutlanýar. Olar Türkiýäniň geljekde bu sebitde Russiýa ýa-da Eýran ýaly durnuksyzlyk döredýän güýje öwrülmegini islemeýärler» diýip, Ogul Tuna hasaplaýar.
Beýleki adaty güýç merkezi bolan Russiýa bilen gatnaşyklar has hem çylşyrymly. Soňky ýyllarda Baku Moskwadan barha daşlaşýar. Russiýa Ukrainadaky urşa başagaý bolup, ermeni güýçlerine kömek bermedik wagtynda, Azerbaýjan Garabaga gözegçiligi dikeldipdi. Üstesine-de, soňra rus parahatçylyk güýçleri sebitden çykyp gitdiler.
Soňra Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda pajyga boldy: 2024-nji ýylyň dekabrynda ol ýerde Azerbaijan Airlines kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrady. 38 adam öldi. Baku heläkçilik üçin jogapkärçiligi Russiýanyň howa hüjüminden goranyş ulgamynyň hereketleriniň üstüne ýükledi. Gatnaşyklar ýiti ýaramazlaşdy. Soňra rus lideri Wladimir Putin Ylham Aliýewden ötünç sorady.
Käbir bilermenleriň pikiriçe, Azerbaýjanyň Moskwanyň basyşyna garşy durmak tejribesi Merkezi Aziýa döwletlerinde aýratyn gyzyklanma döredýär.
«Merkezi Aziýa üçin esasy mesele Russiýa bilen gatnaşyklardyr. Moskwa bilen gatnaşyklarynda öz özygtyýarlylygyny gorap bilen Azerbaýjanyň mysaly sebit ýurtlaryna uly ruh berdi. Bu olaryň Baku bilen ýakynlaşmaga gyzyklanmasyny artdyrdy» diýip, Alişer Ilhamow pikir ýöredýär.
Näme üçin hut häzir?
Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy sowet taryhy, medeni we dil baglanyşyklary bar. Olaryň arasynda çynlakaý territorial dawalary ýok. Emma ýakyn wagtlara çenli gatnaşyklar has haýal depginde ösýärdi. Näme üýtgedi?
Azerbaýjan parlamentiniň deputaty Rasim Musabekow soňky onýyllyklarda Bakunyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň nähili üýtgändigine seretmegi teklip edýär. Onuň sözlerine görä, Azerbaýjan uzak wagtlap, ilkinji nobatda, Günbatar ugruna we Garabag dawasyna üns beripdir. Munuň üçin ägirt uly diplomatik, harby we ykdysady serişdeler sarp edilipdir. Musabekow Garabaga gözegçilik dikeldilenden soň, Bakunyň beýleki sebitlere has köp üns bermäge mümkinçiliginiň dörändigini aýdýar.
«Ozal diplomatik ünsüň we ykdysady serişdeleriň, ähtimal, 80 göterimi ýaragly güýçleri berkitmäge gönükdirilýärdi. Biz hem halkara meýdançalarda, hem maglumat giňişliginde Ermenistana garşy durmaga mejburdyk. Ýeňişden soň Azerbaýjanyň serişdeleri beýleki ugurlara gönükdirmek üçin boşady, ýurt halkara arenasynda özüni has ynamly duýup başlady. Häzir daşary syýasat strategiýamyza täzeden seredip bildik» diýip, Musabekow aýdýar.
Merkezi Aziýanyň geljegini onsuz göz öňüne getirmek kyn bolan ýene bir möhüm döwlet bar: Hytaý. Azerbaýjan üçin hem Pekin bilen gatnaşyklar barha möhüm bolýar. 2025-nji ýylyň aprelinde Baku bilen Pekin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk baradaky beýannama gol çekdiler.
Bu meselede bolsa Merkezi Aziýa ýurtlary Azerbaýjana peýdaly bolup biler.
«Biziň Türkiýe, Ýewropa ýurtlary we Britaniýa bilen işleşmek tejribämiz has köp bolsa, Merkezi Aziýa döwletleriniň Hytaý bilen işleşmek tejribesi has köp. Bu toplanan tejribäniň hem Azerbaýjana, hem Merkezi Aziýa ýurtlaryna peýda getirjekdigini pikir edýärin» diýip, deputat aýdýar.
Russiýadan we Eýrandan sowa geçýän ýol
Baku bilen Merkezi Aziýanyň ýakynlaşmagynyň ýene bir sebäbi bar. Belki-de, uzak möhletde ykdysady taýdan iň möhüm sebäbi hem şudur.
Sebit ýurtlarynyň dünýä ummanyna göni çykalgasy ýok. Özbegistan bolsa oňa ýetmek üçin azyndan iki ýurduň serhedinden geçmeli. Dünýäde şeýle döwletleriň sany bary-ýogy iki: Özbegistan we Lihtenşteýn.
Hytaýdan Ýewropa gury ýer arkaly üç ýol bar. Birinjisi we iň ulusy Demirgazyk geçelgesi: Gündogar Gazagystanyň we Russiýanyň üstünden, Transsibir demir ýoly arkaly geçýär. Emma Russiýa sanksiýalaryň astynda. Günorta ýol Eýranyň üstünden geçýär, ol ýerde uruş bar we ol hem sanksiýalara sezewar. Ortaky geçelge galýar. Oňa Transhazar halkara ulag ugry hem diýilýär.
Haryt ýüklenen otly Gazagystanyň üsti bilen Hazar deňzine gelýär. Ol ýerden ýük parom arkaly Azerbaýjanyň Alýat portuna geçirilýär. Soňra ýene otly bilen Gruziýa, Türkiýä we Ýewropa iberilýär. Bu Merkezi Aziýanyň harytlary üçin Günbatar bazarlaryna çykmagyň ýene bir ýoludyr.
«Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjan dünýä – Hytaýa, Ýewropa, Birleşen Ştatlara şeýle diýmek isleýärler: «Biz örän durnukly sebit. Dilimiz, medeniýetimiz, dinimiz we taryhymyz boýunça biri-birimize ýakyn. Aramyzda dawa döremek ähtimallygy ýok ýa-da örän pes. Meselelerimizi diplomatiýa arkaly çözýäris. Ortaky geçelge bolsa energiýa serişdeleriniň we harytlaryň gündogardan günbatara bökdençsiz akmagy üçin ajaýyp ugurdyr» diýip, Ogul Tuna hasaplaýar.
Emma häzirlikçe bu geçelgäniň mümkinçilikleri çäkli. Onuň üsti bilen ýylda ortaça bäş million tonna töweregi haryt daşalýar. Geçirijilik kuwwaty bolsa entek alty million tonna. Gazagystan bu görkezijini on million tonna ýetirmegi meýilleşdirýär. Deňeşdirmek üçin: Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň hasaplamasyna görä, Ortaky geçelgäniň geçirijilik kuwwaty Russiýanyň üstünden geçýän Demirgazyk ýolunyň kuwwatynyň 5 göteriminden köp däl.
Emma onuň ähmiýeti diňe daşalýan ýüküň möçberi bilen çäklenmeýär. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bu ýeke-täk üstaşyr ugra garaşlylygy azaldýan goşmaça ýoldur. Azerbaýjan üçin bolsa Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülmek mümkinçiligidir.
Indi näme bolar?
Bilermenleriň aýtmagyna görä, syýasy hyzmatdaş hökmünde Bakunyň ýene bir artykmaçlygy Günbatardaky täsiridir.
«Azerbaýjanyň Ýewropada we ABŞ-da örän täsirli lobbi toparlary bar. Soňky ýyllarda bu täsir güýçlendi we has aýdyň göründi. Meniň pikirimçe, Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryna goşup biljek esasy goşantlarynyň biri hut lobbiçilik işleri bolup biler» diýip, Ogul Tuna hasaplaýar.
Geljek ýyl Baku Merkezi Aziýa liderleriniň maslahat duşuşygyna ilkinji gezek başlyklyk eder. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde Azerbaýjan hormatly myhmandan sebit gepleşikleriniň esasy gatnaşyjylarynyň birine öwrüldi.
Baku üçin bu öz täsirini giňeltmek mümkinçiligi. Merkezi Aziýa üçin bolsa täze ugurlary, maýa goýumlaryny we syýasy taýdan has erkin hereket etmek mümkinçiligini gazanmagyň ýoly.
Baky dostluk baradaky gürrüňleriň aňyrsynda köplenç anyk bähbitler hem-de aç-açanlygy ýeterlik bolmadyk geleşikler we ylalaşyklar ýatýar. Belki-de, indi esasy sorag bu ýurtlaryň näme üçin ýakynlaşýandygy däl-de, biri-birleri üçin täze «uly agalara» öwrülmän, hyzmatdaş bolup biljekdikleridir.