Ýewropa Bileleşigi "Talybanyň" wekiliýetini kabul etdi. "Talyban" 2021-nji ýylda Owganystanda täzeden häkimiýet başyna gelende, ÝB olar bilen diňe adam hukuklary, inklýuziwlik we howpsuzlyk babatda talaplar ýerine ýetirilen ýagdaýynda hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim edipdi. Bäş ýyl geçensoň, talyplar ahyrsoňy Brýusselde, ýewropaly resmiler bilen tehniki duşuşyklarda gatnaşdylar. Resmi taýdan bu duşuşyklaryň maksady owgan migrantlarynyň deportasiýasy meselesini ara alyp maslahatlaşmakdy. Şol bir wagtyň özünde, olaryň öňünde goýlan şertleriň hiç biri hem henize çenli ýerine ýetirilmedi. Bu häzirki zaman taryhynda dünýäniň güýç ulanyp häkimiýet başyna gelen we öz radikallygy bilen tanalan režimler bilen gepleşik stoluna oturmaga mejbur bolan ýeke-täk mysaly däl. Munuň sebäbi ýönekeý: olar ýurtda hakyky häkimiýetiň öz ellerindedigini subut etdiler.
«Owgan aýallary we çagalary üçin kän gynanýan ýok»
Radikal "Talyban" topary 2021-nji ýylyň awgust aýynda Owganystanda ýene-de häkimiýet başyna geldi. Şondan bäri dünýä häzirki döwrüň iň berk režimleriniň biriniň has-da pugtalanyp barýandygyna şaýat bolýar. BMG Owganystany «adam hukuklarynyň mazary» diýip atlandyrýar. Aýallar tas ähli hukuklaryndan mahrum edildi we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Folker Türküň aýtmagyna görä, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy diýen ýaly jenaýat hasaplanýar.
Ýurtda bedene jeza bermek, köpçüligiň öňünde ölüm jezalaryny ýerine ýetirmek, açlyk we giň gerimli garyplyk hasaba alynýar. Ýerli ýaşaýjylara aýdym-saz diňlemek gadagan edildi, erkeklere bolsa «gelşiksiz» hasaplanýan saç bezegleri we sakgaly rugsat berilmeýär. Bu bolsa soňky bäş ýylda owgan halkynyň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklarynyň diňe ujypsyzja bölegidir.
Owganystan boýunça bilermen we ýurduň Russiýadaky ilçihanasynyň öňki sekretary Gaus Janbazyň sözlerine görä, häzirki wagtda “Talybanyň” alyp barýan syýasaty owgan halkynyň medeniýetine laýyk gelmeýär.
“Bu toslanyp tapylan bir zat. Men hemişe aýdýaryn: "Talyban" yslamdaky bir hili topar bolup, ony ýörite gulluklar oýlap tapdy. Indi bu adamlar şol tarykata ýa-da "Talybanizm" diýilýän topara ygrarly bolup galýarlar” diýip, Janbaz belleýär.
Owganystan köp milletli ýurtdyr. Ilatyň aglaba bölegini puştunlar düzýär, emma bu ýurtda täjikler, hazaralar, özbekler we türkmenler hem köp sanly ýaşaýar.
Şol bir wagtyň özünde, esasy häkimiýet puştunlaryň elinde jemlenendir. Waşingtonda ýerleşýän Ýakyn Gündogar Institutynyň maglumatlar bazasyna görä, puştunlar ýokary we orta derejeli ýolbaşçy düzüminiň takmynan 90 göterimini düzýär. Galan milletleriň wekilleri bolsa karar kabul etmek proseslerinden tas doly çetleşdirilendir.
Bu ýagdaý ýurduň serişdeleriniň adalatsyz paýlanmagyna, jemgyýetdäki dartgynlylygyň artmagyna we käbir ýagdaýlarda gazaply repressiýalara getirýär.
Halkara adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy talyplaryň hazara halkynyň wekillerini bilkastlaýyn gynaýandygyny we jezalandyryp öldürýändigini mälim edipdi. Şeýle-de ABŞ-nyň “New Lines” atly strategik we syýasy barlag instituty hazaralara garşy alnyp barylýan yzarlamalary genosid hökmünde häsiýetlendirýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri dini faktor bolup biler. Sebäbi hazaralaryň aglaba bölegi şaýy musulmanlar, emma Owganystanyň ilatynyň köpüsi bolsa sünni musulmanlardyr.
Halkara ylmy-barlag merkezleriniň maglumatlaryna görä, owgan “Talybany” "Tehrik-e-Talyban Pakistan" (TTP) atly topar bilen ýakyn gatnaşyklaryny saklaýarlar. Bu terrorçy topar Owganystanyň çäginden hereket edip, Pakistan hökümetine garşy söweşýär we ýurtda özleriniň yslamy düşündirişlerine esaslanýan emirligi döretmäge çalyşýar. Munuň üçin TTP yzygiderli ýagdaýda pakistan goşunyna hüjüm edýär we ýurduň syýasatçylaryny öldürýär. Hut şu topar sebäpli hem häzirki wagtda Kabul bilen Yslamabadyň arasyndaky gatnaşyklar öz taryhyndaky iň çuň krizisleriň birini başdan geçirýär.
Bularyň hemmesi häzirki döwürdäki talyplaryň ýüzüni görkezýär. Şeýle bolsa-da, olaryň wekiliýeti ýaňy-ýakynda Brýusselde kabul edildi. Gaus Janbaz muny Günbatar ýurtlarynyň Owganystandaky ýagdaýy üýtgetmäge edýän synanyşygy hökmünde görýär.
«Munuň üçin olar bilen dialog alyp barmaly, gepleşmeli, ynandyrmaly – käte has berk, käte bolsa has ýumşak çemeleşmeli. Ahyrky netijede olar hakykata düşünip, üýtgärler diýen umyt bar. Elbetde, bu örän uzak we tapgyrlaýyn proses. Munuň başa barjakdygyny ýa-da ýokdugyny hiç kim bilenok. Emma men, Owganystanyň öňki diplomaty hökmünde, bir zada düşünýärin: owgan aýallary we çagalary üçin dünýäde aýratyn gynanýan kän adam ýok» diýip, Janbaz sözüni jemleýär.
Talyplardan öňki režimler nähili ykrar edilipdi
"Talybanyň" hökümeti häzirki zaman taryhynda Günbatar ýurtlarynyň başda hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwren, emma wagtyň geçmegi bilen gatnaşyk gurmaga mejbur bolan ilkinji režimi däldir.
1917-nji ýylyň güýzünde Russiýada bolşewikler häkimiýet başyna geldiler. Olaryň lideri Wladimir Lenin bütindünýä rewolýusiýasyny we kapitalizmiň çökmegini arzuw edýärdi. Ilki bilen rewolýusionerler Wagtlaýyn hökümeti agdardylar, soňra bolsa üç ýüz ýyldan gowrak wagtlap ýurdy dolandyran Romanowlar neberesiniň wekilleri bolan patyşa maşgalasyny jezalandyryp öldürdiler. Mundan soň raýat urşy, «gyzyl terror», köpçülikleýin repressiýalar we adam öldürmeler başlandy. Şeýle hem bolşewikler Russiýa imperiýasynyň uly daşary ýurt bergilerini tölemekden ýüz öwürdiler we öňki hökümetiň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bes etdiler.
Germaniýanyň Bohum uniwersitetiniň taryhçysy Alekseý Uwarowyň pikiriçe, bolşewikleri häzirki “Talyban” bilen, esasan hem aýallaryň hukuklary we bilim meselesinde deňeşdirip bolmaýar. Şeýle-de bolsa, olar hem ilkibaşda Günbatar üçin gepleşik alyp barmaga laýyk hyzmatdaş hasaplanylmandy.
«Bolşewikler häkimiýet başyna harby agdarylyşyk netijesinde geldiler. Şonuň üçin Wagtlaýyn hökümetden bolşewiklere kanuny häkimiýet geçirişi bolmady we bolup hem bilmezdi. Soňra bolşewikler Esaslandyryjy ýygnagy dargatdylar. Aslynda şol ýygnak häkimiýetiň geçişini kanuny taýdan resmileşdirip bilerdi ýa-da onuň hukuk esaslaryny kesgitläp bilerdi. Şonuň üçin sorag ýüze çykýar: bu adamlar haýsy esasda Russiýanyň, Russiýa Respublikasynyň ýa-da Russiýa Imperiýasynyň adyndan çykyş edip bilýärdiler? Olara bu hukugy kim berdi? Olar Russiýanyň adyndan hereket etmek ygtyýaryny nireden aldylar? 1917-nji ýylyň noýabrynda bu soraglaryň jogaby düýbünden düşnüksizdi» diýip, Uwarow aýdýar.
Ilkinji bolup Sowet häkimiýetini goňşy ýurtlar bolan Baltik döwletleri we Finlýandiýa ykrar etdiler. Bu Oktýabr rewolýusiýasyndan üç ýyl soň bolup geçdi. 1924-nji ýylda bu režimi Beýik Britaniýa, Italiýa we Fransiýa ykrar etdiler. ABŞ bolsa muny diňe 1933-nji ýylda, ýagny 16 ýyl geçenden soň etdi. Taryh ylymlarynyň doktory Andreý Zubowyň aýtmagyna görä, bu Günbataryň bolşewikleri halandygy üçin bolmandy.
«Bu örän uly döwlet, şonuň üçin ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmazlygy üçin onuň bilen ykdysady, söwda we syýasy gatnaşyklary saklamak zerurdy. Şol sebäpli Sowet Soýuzy Milletler Ligasyna kabul edildi. Şol sebäpli hem ABŞ, Ýugoslawiýa we beýleki döwletler Ikinji jahan urşundan öň Sowet Soýuzy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular. Bu halkara gatnaşyklarynda adaty tejribe» diýip, Zubow belleýär.
«Islendik döwlet belli bir güýje eýedir, ony äsgermezlik etmek howpludyr»
1949-njy ýylda Hytaýdaky raýat urşunda Mao Szedunyň ýolbaşçylygyndaky kommunistler ýeňiş gazandylar we dünýä kartasynda Hytaý Halk Respublikasy peýda boldy. Ýeňlen Gomindan partiýasy bolsa Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygynda Taýwana çekildi. Günbatar ýurtlarynyň käbiri uzak wagtlap hut Taýwanda ýerleşýän hökümeti Hytaýyň kanuny hökümeti hökmünde ykrar etmegini dowam etdirdi. ABŞ Hytaýdaky rewolýusiýany kommunizmiň bütindünýä hüjüminiň bir bölegi hökmünde kabul edýärdi. Şeýle hem Pekin bilen Moskwanyň ýakyn hyzmatdaşlygy täze hytaý režimini ykrar etmezligiň möhüm sebäpleriniň biri boldy. Emma Sowet Soýuzy bilen Hytaýyň arasynda syýasy düşünişmezlik ýüze çykandan soň, ABŞ kommunistik Pekin bilen gatnaşyklaryny kem-kemden ýakynlaşdyryp başlady.
Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1979-njy ýylda, ýagny 30 ýyl geçenden soň ýola goýuldy. Ýewropa ýurtlarynyň bolsa bu meselede bitewi çemeleşmesi bolmady. Mysal üçin, Beýik Britaniýa Hytaý Halk Respublikasyny eýýäm 1950-nji ýylda, Fransiýa 1964-nji ýylda, Germaniýa Federatiw Respublikasy (GFR) bolsa diňe 1970-nji ýyllaryň başynda ykrar etdi.
«Syýasatda hem adamlar bilen bolşy ýaly: käwagt kimdir biri bilen aç-açan garşylyga girmeýäris, emma ol adam ýaramasa, onuň bilen gatnaşygy bes edýäris. Eger ol adam bizde güýçli ýigrenç döretmeýän bolsa, onda zerurlyk ýa-da isleg derejesinde gatnaşyk saklaýarys. Diplomatiýada hem ýagdaý şonuň ýalydyr. Ýöne bir möhüm tapawut bar: islendik döwlet belli bir güýje we täsire eýedir, şonuň üçin ony uzak wagtlap äsgermezlik etmek howpludyr. Bu sebitde ýa-da bütin dünýäde ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmagyna getirip biler» diýip, Andreý Zubow aýdýar.
Dünýä näme üçin "Talyban" bilen gatnaşyk saklaýar?
Täze häkimiýetiň möhüm sebitlere hakykatdan hem gözegçilik edýändigi we onuň bilen aragatnaşyk saklamazdan howpsuzlyk, söwda ýa-da sebit syýasaty bilen bagly meseleleri çözmegiň mümkin däldigi belli bolanda, döwletler şol häkimiýet bilen dialog gurup başlaýarlar. Häzirki wagtda Owganystan bilen bagly ýagdaý hem şonuň ýaly ösýär.
Häzire çenli Owganystandaky talyplaryň hökümetini resmi taýdan ykrar eden ilkinji we ýeke-täk ýurt Russiýadyr. Hytaý Kabul bilen ilçileri alyşdy. Bu köplenç amaly taýdan ykrar etmek hökmünde düşündirilýär, ýöne Pekin olaryň hökümetini resmi taýdan heniz ykrar edenok. Hindistan hem talyplar bilen gatnaşyklary ýola goýdy. Amaly hyzmatdaşlygy Astana, Aşgabat, Bişkek we Daşkent hem dowam etdirýärler. Sebit ýurtlarynyň arasynda talyplaryň dolandyrýan Owganystanyndan iň çetde duran ýurt bolsa Täjigistan bolmagynda galýar.
“Talyban” ýurtda ýeke-täk täsirli güýçdigini subut etdi. Olaryň syýasy režimini müňlerçe esgerden ybarat goşun goraýar. Dürli maglumatlara görä, bu goşunyň sany 165 müň söweşijä çenli ýetip biler. Bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsiniň goşunyndan köpdür. Şeýle hem, BMG-niň maglumatlaryna görä, talyplaryň dolandyryşy döwründe Owganystanda opiý öndürilişi takmynan 95 göterim azaldy.
Açlyga, heläkçilikli tebigy betbagtçylyklara we ölüm jezalaryna garamazdan, Owganystanyň ilaty ösmegini dowam etdirýär. Munuň sebäpleriniň biri hem bosgunlaryň köpçülikleýin yzyna dolanmagydyr. Köplenç bu dolanyşyk mejbury ýa-da zor bilen amala aşyrylýar. BMG-niň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýyldan bäri goňşy ýurtlardan alty milliona golaý adam Owganystana gaýdyp geldi. Guramanyň bilermenleri 2026-njy ýylda ýene-de üç milliona çenli owganyň ýurduna dolanyp geljekdigini çaklaýarlar. Olaryň köpüsiniň bolsa ýaşaýyş üçin ýeterlik serişdesi ýok. Şunuň bilen baglylykda, BMG döwletleri owgan bosgunlaryny zor bilen yzyna ibermezlige yzygiderli çagyrýar.
“Talyban" öň hem halanylmaýardy, häzir hem halanylmaýar”
Ýewropa Bileleşiginiň talyplar bilen geçirýän "tehniki" gepleşikleri esasan migrasiýa meselesine bagyşlanýar. Brýusselde geçirilen ýapyk duşuşyklarda ýewropaly resmiler howpsuzlyga howp hasaplanýan owgan raýatlaryny ýurtdan çykarmak meselesini talyplar bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de bolsa, olar bu gepleşikleriň talyplaryň häkimiýetini ykrar etmek diýmek däldigini nygtaýarlar.
Ýewropa Komissiýasynyň metbugat sekretary Markus Lammert şeýle diýdi: “Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi ÝB-ä Owganystanyň de-fakto häkimiýetleri bilen iş gatnaşyklaryny alyp barmaga ygtyýar berdi. Bu diňe tehniki derejedäki hyzmatdaşlyga degişlidir we hiç bir ýagdaýda resmi taýdan ykrar etmek diýmek däldir”.
Emma şeýle düşündirişlere garamazdan, ýewropaly resmiler öz kärdeşlerinden hem, adam hukuklaryny goraýjylardan hem güýçli tankyt bilen ýüzbe-ýüz boldular. Gepleşikleriň geçirilen güni “Amnesty International” guramasynyň aktiwistleri Brýusseldäki Ýewropa Komissiýasynyň binasynyň öňünde «Utanç!» diýen ýazgyly banner açyp, "Talybanyň" wekiliýetiniň saparyna garşy protest bildirdiler. Olar bu duşuşygy «Ýewropa Bileleşigi bilen Belgiýanyň goraýan gymmatlyklaryna tüýkürik atmak» diýip häsiýetlendirdiler.
“Amnesty International Belgium” guramasynyň wekili Ludowik Los şeýle diýdi: «Şeýle hereketler bilen biz bu režimi kadaly ýagdaý hökmünde kabul etdirýäris we halkara hukugynda hem-de Adam hukuklary boýunça Ýewropa konwensiýasynda berkidilen yzyna ibermezlik ýörelgesini bozup, adamlary yzyna gaýtarmagyň mümkinçiligi bilen ylalaşýarys».
Häzirlikçe “Talyban” Owganystanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ornuny eýelemedi we dünýä döwletleriniň köpüsi tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedi. Şeýle-de bolsa, olar bilen diplomatik gatnaşyklar barha yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Andreý Zubowyň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň talyplar bilen gatnaşyk gurmagy olaryň režimini goldaýandygyny aňlatmaýar.
«Bu režim öň hem halanylmaýardy, häzir hem halanylmaýar. Emma Owganystan daş-töweregindäki dünýä: Eýrana, Päkistana we Merkezi Aziýa ýurtlaryna täsir edýär. Şonuň üçin gatnaşyklar zerur. Bu režimi makullamak däl, eýsem onuň hereketlerine gözegçilik etmekdir» diýip, Zubow sözüni jemleýär.
Taryh gaýtalanýar: täze häkimiýetiň döremegi bilen onuň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň arasynda köplenç ýyllar, käte bolsa onýyllyklar geçýär. Dünýä "Talybanyň" hökümetini resmi taýdan ykrar edermi — bu entek açyk sorag bolup galýar. Ýöne bir zat aýdyň: Brýussel hem “Talyban” bilen aragatnaşyk gurup başlady, häzirlikçe bolsa muny «tehniki gepleşikler» hökmünde häsiýetlendirýär.