Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Bişkegiň 'Daşary ýurt wekilleri' baradaky kanuny ýatyrmagyna çagyrýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

CPJ, gyrgyz häkimiýetlerini Merkezi Aziýa döwletiniň prezidenti Sadyr Žaparowyň 2-nji aprelde gol çeken gapma-garşylykly "daşary ýurt wekilleri" kanunyny ýatyrmaga çagyrdy we munuň Russiýanyň "daşary ýurt agentleri" baradaky repressiw kanunynyň göçürmesi bolandygyny aýtdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet Žaparow kanun taslamasyny tassyklanyndan soň çap eden beýanatynda bu çäräni, "Žaparowyň Russiýanyň “daşary ýurt agentleri” kanunçylygyna eýermek barada gelen kararyny Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýanyň post-sowet giňişliginde degişlilikde azat söz we demokratiýa mekany hökmünde gazanan 30 ýyllyk durumyny ýok etmek howpy” hökmünde häsiýetlendirdi

Bu kanun täjirçilik däl guramalary we daşary ýurt serişdelerini alýan, giňden kesgitlenen "syýasy" işler bilen meşgullanýan media serişdelerini öz işleri barada häkimiýetlere habar bermäge borçly edýär.

Şeýle-de, kanun häkimiýetler tarapyndan giň gözegçilik ygtyýarlyklaryny we kesgitlenmedik jenaýatlar üçin mümkin bolan jenaýat sanksiýalaryny girizýär.

Geçen hepde ýurduň 100-den gowrak jemgyýetçilik guramasy Žaparowy bu kanun taslamasyna gol çekmezlige çagyrdy we munuň ýurtdaky ähli guramalaryň işine ýaramaz täsir etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG