Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk topary, Žurnalistleri goramak baradaky komitet Gazagystanyň häkimiýetlerini žurnalist Diana Sapargyza edilen hüjümi "tiz derňemäge" we "bu işe gatnaşanlary jogapkärçilige çekmäge, metbugat agzalarynyň jemgyýetçilik ähmiýetli wakalary päsgelçiliksiz beýan edip bilmegini üpjün etmäge" çagyrdy.
KazTAG habar gullugynyň habarçysy Sapargyzy 18-nji awgustda Garagandy sebitiniň merkezindäki dag-magdan kärhanasynda bolan heläkçilikli hadysa barada maglumat taýýarlaýan wagtynda bäş sany erkegiň hüjümine sezewar boldy.
Olar güýç ulanyp, žurnalisti ganly hadysanyň bolan ýerinden zor bilen çykardylar we elindäki telefonyny alyp, düşüren wideolaryny öçürdiler.