Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Bişkegi Kloop Mediany ýapmaga gönükdirilen çärelerden çekilmäge çagyrýar


Kloop 28-nji awgustda alty gün ozal Gyrgyzystandaky işiniň togtadylmagy üçin görülýän çäre bilen habardar edilendigini aýtdy.
Kloop 28-nji awgustda alty gün ozal Gyrgyzystandaky işiniň togtadylmagy üçin görülýän çäre bilen habardar edilendigini aýtdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) söz azatlygyny we garaşsyz habar bermegi bogmagyň "gözçykgynç we aýyp iş" boljakdygyny aýdyp, Gyrgyzystany hökümeti tankytlaýan metbugat guramasyny, korrupsiýa garşy derňew web sahypasy bolan Kloop Media jemgyýetçilik gaznasyny ýapmaga gönükdirilen hereketini togtatmaga çagyrdy.

Kloop 28-nji awgustda alty gün ozal Gyrgyzystandaky işiniň togtadylmagy üçin görülýän çäre bilen habardar edilendigini aýtdy.

Neşir bu çäräniň hökümeti tankytlaýan materiallary çap etmegi bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär.

Kloopyň baş redaktory Anna Kapuşenko muny metbugaty basyp ýatyrmak üçin görülýän ‘dowamly çäreleriň’ bir bölegi diýip atlandyrdy.

CPJ bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat sekretary, Milli howpsuzlyk komiteti we Bişkek şäher prokurory bilen habarlaşmaga synanyşandygyny, ýöne munuň netijesiz bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG