Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (CPJ) gyrgyz resmilerini “Temirov Live” derňewçi toparynyň saklanan sekiz žurnalistine bildirilýän aýyplamalary “dessine ýatyrmaga” çagyrdy, şeýle-de bu Merkezi Aziýa döwletinde “barha ýitileşýän media azatlyk krizisi” barada duýdurdy.
Komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň utgaşdyryjysy Gulnoza Said gyrgyz häkimiýetlerini garaşsyz media garşy edýän basyşlaryny bes etmäge çagyrdy.
Mundan öň, paýtagt Bişkegiň “Birinji Maý” etrap sudy “Temirov Live” toparynyň saklanan direktory Mahabat Tajibek-kyzynyň, şeýle-de neşiriň häzirki we ozalky beýleki ýedi habarçysynyň deslapky tussaglygyny iki aý möhlet bilen uzaltdy. Žurnalistler hamala “köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyryş etmekde” aýyplanýarlar, olaryň özi bulary ret edýärler.
“Olaryň tussaglyk möhletini uzaldyp, ýurduň resmileri özleriniň repressiw ýoluny dowam etdirjekdiklerine yşarat edýärler” diýip, Said 13-nji martda beýanat bilen çykyş etdi.