Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan ýaragly hüjümlerden soň, tapgyr ikinji gün ýas tutýar

Dagystan sebitiniň başlygy Sergeý Melikow ýaragly adamlaryň hüjüminden soň, 24-nji iýunda Derbentdäki sinagoga baryp gördi.
Dagystan sebitiniň başlygy Sergeý Melikow ýaragly adamlaryň hüjüminden soň, 24-nji iýunda Derbentdäki sinagoga baryp gördi.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystan, hristian we ýewreý dini ýerlerini we polisiýa merkezini nyşana alan we utgaşdyrylan ýaly bolup görünýän hüjümlerden soň, 25-nji iýunda tapgyr ikinji gün ýas tutýar.

Bu hüjümlerde azyndan 20 adam, şol sanda parahat ilatdan ýaşaýjylar we polisiýa işgärleri öldi.

23-nji iýunda giçlik sebit paýtagty Mahaçkalada we Derbent şäherinde ýaragly adamlar iki prawoslaw kilisesine, iki sinagoga we polisiýa merkezine ot açanda, başga-da azyndan 46 adam ýaralandy.

Russiýanyň Derňew komiteti "terrorçylyk hereketleri" diýip häsiýetlendirilen waka boýunça jenaýat derňewleriniň geçirilýändigini yglan etdi.

Dagystan esasan musulmanlaryň ýaşaýan sebiti bolup, onuň taryhynda ýaragly söweşijiler bolupdy. Şeýle-de, Dagystan Çeçenistanyň golaýynda ýerleşýär. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda we 2000-nji ýyllaryň başynda rus goşunlary Çeçenistanda separatistlere garşy iki söweş alyp bardy.

XS
SM
MD
LG