Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent Aşgabady “akylly” gaz hasaplaýjy bilen üpjün eder


Türkmenistan ozal rus zawodynyň öndüren gaz ölçeýji gurallaryny satyn alýardy
Türkmenistan ozal rus zawodynyň öndüren gaz ölçeýji gurallaryny satyn alýardy

“Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri Özbegistanyň paýtagtyndaky “Technopark” kärhanasyna baryp, özara söwdany we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri bu maglumaty özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Konserniň wekilleri önümçilik prosesi, “Technoparkyň” işleri bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriň hili, laboratoriýa synaglary barada jikme-jik maglumat berdiler.

Şeýle-de, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, duşuşykda Türkmenistany “akylly” gaz hasaplaýjylary bilen üpjün etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

XS
SM
MD
LG