Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent polisiýasy Palestinany goldap, ýygnanyşyk geçirmekçi bolan onlarça adamy saklady


Emir Temir meýdançasynda ýygnanan adamlar
Emir Temir meýdançasynda ýygnanan adamlar

Özbegistanyň ozalky kanun çykaryjysy Rasul Kuşerbaýew 30-njy oktýabrda telegramda Daşkent polisiýasynyň bir gün ozal, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda barýan söweşde palestinalylara goldaw bildirmek üçin paýtagt Daşkendiň merkezine ýygnanan 100-den gowrak adamy gysga wagt saklandygyny ýazdy.

Özbek metbugaty polisiýa çeşmelerine salgylanyp, tussag edilenleriň köpçülikleýin ýygnanyşyk geçirmek düzgünlerini bozmakda aýyplanandyklaryny we soňra goýbereilendiklerini habar berdi.

Eger-de olar ygtyýar berilmedik çäräni geçirmekde günäli tapylsalar, ýa jerime tölemek, ýa-da 15 güne çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.

XS
SM
MD
LG