Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde çagalara sütem eden gizlin dini mekdep tapyldy

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Daşkendiň Täzehaýot etrabynda çagalary bendilikde saklap, zorluga sezewar edýän ýerasty dini mekdep tapyldy diýip, Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy habar berdi.

Döwlet edarasynyň maglumatyna görä, Kaşkaderýa sebitinde doglan 34 ýaşly erkek ýaşaýyş jaýyny kireýine alyp, 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli aralykdaky dokuz çaga tölegli dini sapak beripdir. Ol paýtagtdaky hususy uniwersitetleriň biriniň ikinji ýyl studenti eken.

Derňewçileriň sözlerine görä, sapaklar mejbury ýagdaýda geçirilip, käbir ýagdaýlarda çagalara fiziki, beden şikesi ýetirilipdir. Şeýle-de, ol çagalaryň altysynyň birnäçe aýlap mekdebe barman, dini sapak alýan jaýynda saklanandygy, hatda köçä hem goýberilmändigi aýdylýar.

Hususy dini mekdebe öwrülen jaýda geçirilen gözleg mahalynda 49 dini kitap, sapak ýazgylary bolan 24 depder we noutbuk tapyldy.

Güman edilýän erkege garşy Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 229-2-nji maddasynyň 2-nji bölegi ("Dini taglymatlary öwretmegiň tertibini bozmak") boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Çagalaryň ene-atalaryna bolsa, "Çagalary terbiýelemek we bilim bermek borçlaryny ýerine ýetirmezlik" boýunça administratiw çäreler görüldi.

Döwlet howpsuzlyk gullugy şuňa meňzeş ýene bir ýagdaýyň üstüniň açylandygyny habar berdi. Güman edilýän erkek uniwersitetde mugallym bolup, aýaly bilen bilelikde şol bir etrapda kireýine alnan kwartirada bikanun dini sapak beripdir. Sapklara 8 ýaşdan 17 ýaşa çenli aralykda bäş çaga, şol sanda Täjigistanyň bir raýaty gatnaşypdyr.

XS
SM
MD
LG