Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde tapylan taryhy tapyndylar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrylar. Türkmen metbugaty bu çärä bagyşlanan dabaranyň 22-nji iýunynda geçiriljekdigini habar berýär.
Resmi habara görä, Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylary 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, 61 sany altyn teňňe bölegini we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapypdyrlar.
Bu tapyndylaryň häzir “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýandygy aýdylýar.
Tapylan altyn teňňeleriň käbiriniň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy aýdylýar.