Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 19-njy iýunda Demirgazyk Koreýa baryp, gyzyl halyda garşylan Kim Çen Un bilen geçirilen sammitiň başynda Phenýana "üýtgewsiz goldawy" üçin minnetdarlyk bildirdi.
Iki lider bu duşuşykda Günbatara garşy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny agtardy.
Bu rus prezidentiniň bir partiýaly döwlete 24 ýylda eden ilkinji sapary bolup, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň uzamagy bilen, täze strategiki ýaranlygyň alamatlary nukdaý nazaryndan ýakyndan synlanýar.
Olaryň ikisi hem, biri agressiýa sebäpli, Phenýana gezek gelende bolsa, ýadro we beýleki ýarag programmalary sebäpli, Günbatar sanksiýlarynyň jezasyny çekýär.
Rus metbugatynyň habaryna görä, Putin Kime "Biz siziň Russiýanyň syýasatyna, şol sanda onuň Ukraina ugruna berýän yzygiderli we üýtgewsiz goldawyňyza ýokary baha berýäris" diýdi.