«Sahypa girmek mümkin däl».
Soňky hepdelerde Gazagystandaky ulanyjylar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň we Merkezi Aziýa boýunça rus dilli gulluklarynyň web sahypalaryna girmäge synanyşanda, ekranlarynda şu habar peýda bolýar.
Gazagystanyň hökümeti 18-nji maýda başlanan bu hyzmat çäklendirmesine dahylly däldigini aýdýar. Şol gün Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy, ýagny Radio Azattyq derňew makalasyny çap etdi. Derňewde döwletden iri şertnamalary alýan hususy VD Stroy-Engineering kompaniýasy bilen prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň maşgala agzalarynyň arasynda baglanyşyklaryň bardygy görkezildi.
3-nji iýunda Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi hem-de Sanly ösüş, innowasiýalar we emeli aň ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýüz tutmagyna beren bilelikdäki jogabynda Azatlyk Radiosy we Azatlyk Aziýa garşy hiç hili çäre görülmändigini aýtdy.
Emma internet senzurasyna dünýä boýunça gözegçilik edýän Open Observatory of Network Interference (OONI) guramasy öz seljermesiniň azattyq.org we azattyqasia.org domenlerinde tehniki näsazlyk bilen düşündirip bolmaýan «durnukly anomaliýany» ýüze çykarandygyny aýtdy. Rimde ýerleşýän OONI internet senzurasyna dünýä boýunça gözegçilik edýän halkara guramadyr.
«Ýygnalan maglumatlara esaslanyp, OONI ölçeglerinde görünýän, bilkastlaýyn petikleme usulyna laýyk gelýän alamatlaryň bardygyny aýdyp bileris» diýip, OONI-niň ýerine ýetiriji we tehniki direktory Arturo Filastony aýtdy.
Meseläni birnäçe hepde bäri çözmäge synanyşýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň bir inženeri şeýle hüjümleriň guramaçysyny anyklamagyň «tas mümkin däldigini», sebäbi olaryň köplenç ele geçirilen köp sanly enjamyň üsti bilen amala aşyrylýandygyny aýtdy.
OONI tarapyndan hasaba alnan iň giň ýaýran petikleme görnüşi sahypa açylmazdan öň brauzeriň web sahypasy bilen baglanyşygynyň kesilmegidir.
Filastonyň aýtmagyna görä, petikleme “Deep Packet Inspection” (DPI), ýagny maglumat paketlerini çuňňur seljermek tehnologiýasy arkaly amala aşyrylýan ýaly görünýär. Ulanyjy üçin bu diňe düşündirişsiz ýönekeý bir baglanyşyk ýalňyşlygy ýaly bolup görünýär, ýagny sahypa işlemeýän ýaly bolýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň web sahypalaryna edilen hüjümler bilen bir wagtda onuň sosial media sahypalaryndaky mazmunyny pozmak synanyşyklary hem edildi. Galp hasaplardan berlen «awtorlyk hukugynyň bozulmagy» baradaky şikaýatlardan soň Meta Azattyq-yň we Azatlyk Aziýanyň VD Stroy-Engineering baradaky ýazgylaryny aýyrdy. Şeýle hem Google şuňa meňzeş şikaýatlar sebäpli makalalary global gözleg netijelerinden çykardy.
Filastonyň bellemegine görä, resmi däl ýa-da «gizlin petikleme» diýlip atlandyrylýan şeýle usullar, esasanam syýasy sebäpler bilen maglumatlara elýeterliligi çäklendirmek üçin giňden ulanylýar.
Azatlyk Radiosy tarapyndan geçirilen derňewde VD Stroy-Engineering kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň we ýolbaşçylarynyň arasynda prezidentiň uýasy we ýegenleri bilen baglanyşykly adamlaryň bardygy görkezildi.
Mysal üçin, Bagdat Omiržanowa 2020–2023-nji ýyllar aralygynda kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri bolupdy. Häzirki wagtda ol Tokaýewiň uýasy Karlyga Izbastinanyň ozal eýeçilik eden kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär. VD Stroy-Engineering-iň öňki direktory Rustam Karagoişin bolsa Tokaýewiň ýegeni Kanyş Izbastin bilen döwlet paýly pudakda on ýyldan gowrak wagt işläpdi.
Derňewde öňki baglanyşyklar görkezilen hem bolsa, öňki esaslandyryjylaryň häzirki wagtda gurluşyk kompaniýasy bilen baglanyşygynyň bardygy öňe sürülmedi.
Azatlyk Radiosy Izbastina, Omiržanowa we Karagoişin bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma olaryň hiç biri jogap bermedi.
Derňew çap edilenden iki gün soň, VD Stroy-Engineering-iň häzirki esaslandyryjysy Azamat Usimbekow gazak neşiri Ulysmedia beren wideo söhbetdeşliginde kompaniýanyň öňki esaslandyryjylaryny ýa-da prezidentiň garyndaşlaryny tanamaýandygyny we Tokaýew bilen hiç haçan şahsy duşuşmandygyny aýtdy.
Bu Gazagystanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň sahypalarynyň ilkinji gezek nyşana alynmagy däl.
2023-nji ýylyň aprelinde OONI 2022-nji ýylyň noýabryndaky möhletinden öň geçirilen saýlawlaryň öňüsyrasynda şol bir Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň sahypalarynyň ýurduň içinde tizliginiň bilkastlaýyn peseldilendigi baradaky maglumatlary derňäpdi.
Halkara adam hukuklary guramalary hem Gazagystanyň sosial media serişdelerine ýygy-ýygydan petikleme ýa-da çäklendirme girizýändigini belläp gelýärler. Freedom House tarapyndan 2025-nji ýylda çap edilen internet azatlygy baradaky ýyllyk hasabatda Gazagystan «azat däl» ýurt hökmünde häsiýetlendirildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň sahypalarynyň häzirki petiklenmegi VD Stroy-Engineering baradaky derňewi gaýtadan çap eden Fergana.media neşirine hem täsir etdi.
Fergana-nyň baş redaktory Daniil Kislowyň sözlerine görä, Meta onuň Azattyq derňewi baradaky şahsy ýazgylaryny pozdy we sahypalaryny monetizasiýa etmek mümkinçiligini hem ýatyrdy.
Ol şeýle diýdi: «Men Azatlyk Aziýanyň Tokaýewiň töweregi we garyndaşlarynyň biznesi baradaky derňewine bagyşlanan birnäçe ýazgy çap etdim». Kislowyň aýtmagyna görä, soňra ol Meta tarapyndan şeýle habarlar aldy: «Meta maňa özüni Azatlyk Aziýa diýip tanadan we düýbünden galp xbm9888@aol.com salgysyny ulanan biriniň meniň ýazgylaryma hukuk talap edendigini habar berdi. Meta şol ýazgylary derrew petikledi we hatda lentamy monetizasiýa etmek mümkinçiligimden hem mahrum etdi».
Tokaýew 2023-nji ýylyň noýabryndaky möhletinden öň geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň, ulanyjylary kiberbullingden goramak maksady bilen häkimiýetlere sosial media we habarlaşyk platformalaryny ýapmaga mümkinçilik berýän jedelli we düşnüksiz kanuna gol çekdi.
Internet boýunça hünärmenler we aktiwistler bu kanuny tankytlap, onuň häkimiýetlere sosial torlar we habarlaşyk hyzmatlary üstünden has berk gözegçilik etmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdylar.
Adam hukuklaryny goraýjylar Gazagystanyň häkimiýetlerini garşy pikirleri basyp ýatyrmak üçin kanunlarda bilkastlaýyn «düşnüksiz dili» ulanmakda aýyplaýarlar.
Astanadaky Hukuk Media Merkeziniň ýolbaşçysy Diana Okremowanyň bellemegine görä, syýasy mazmunlar we häkimiýetleri tankytlaýan materiallar barha köp basyş astyna düşýär.
Ol şeýle diýdi: «Bu adaty bir ýagdaýa öwrülýär. We hasabyňyzyň näme sebäpli petiklenip bilinjekdigini ýa-da haýsy maglumatyň howply hasaplanjakdygyny öňünden çaklap bolmaýar».
Forum