Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilçi alym Myratgeldi Söýegow 73 ýaşynda aradan çykdy


Myratgeldi Söýegow
Myratgeldi Söýegow

Dilçi alym, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegow 23-nji iýulda, 73 ýaşynda aradan çykdy diýip, “SalamNews” habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Myratgeldi Söýegow 1950-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz obasynda gullukçy maşgalasynda doglup, ilki oba mekdebinde, soňra Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim alýar we TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň häzirki zaman türkmen dili bölüminde işe başlaýar, ylmy-derňew işlerini alyp barýar.

M.Söýegowyň “Türki dilleriň günorta-günbatar toparynda hal işlikler” atly monografiýasy 1981-nji ýylda çapdan çykýar. Ol 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory, 1994-nji ýylda professor derejesini alýar.

Alymyň ilkinji türkmen dilçileri we edebiýatçylary hakyndaky oçerklerini özünde jemlän «On çynar», «Hal işlikler. Häzirki zaman türkmen dili. Morfologiýa. Ýokary we ýörite orta bilim mekdepleri üçin okuw gollanmasy» ýaly kitaplary, ýüzlerçe ylmy makalasy çap edildi.

Şeýle-de, Myratgeldi Söýegow goşgulary bilen tanalýar. Onuň dürli ýyllarda çagalar üçin ýazan goşgulary «Ýagşyň ysy», «Gülki güni», «Men kime meňzeş?», «Aý suwa düşýär» atly goşgular ýygyndylarynda jemlenip, aýratyn kitap görnüşinde çap edildi.

XS
SM
MD
LG