Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Doglandan ölýänçä: Merkezi Aziýadaky häkimiýetler raýatlaryň şahsy durmuşyna nähili goşulýar?

Doglan günler, gysga joraplar, çaganyň jynsyny yglan etmek dabaralary, sakgal we aşhanadaky tertipsizlik, bu zatlaryň arasynda nähili meňzeşlik bar? Merkezi Aziýada bularyň hemmesi häkimiýetleriň ünsüni çekip bilýär. Täjigistanda toýlaryň we doglan günleriň nähili bellenmelidigi barada düzgünler döwlet tarapyndan kesgitlenýär. Özbegistanda bolsa, resmiler öýlere baryp, öý eýesiniň aşhanasyny näderejede arassa saklaýandygyny barlap bilýär. Sebit häkimiýetleri köplenç kämillik ýaşyndaky adamlara özlerini nähili alyp barmalydygy barada görkezme berýärler. Näme üçin resmiler raýatlaryň maşgala durmuşyna we öý işlerine goşulýarlar? Jemgyýetçilik bähbidi nirede tamamlanyp, şahsy durmuş nirede başlanýar?

Täjigistan: Dogulmanka başlanyp, tä jaýlanýança gözegçilik edilýär.

Şahsy durmuşy çäklendirmek we düzgünleşdirmek babatda Täjigistan sebitde öňdebaryjy orny eýeleýär. Raýatlaryň durmuşynyň ähli taraplaryna diýen ýaly täsir edýän köp sanly resmi we resmi däl gadaganlyklar hereket edýär.

Ýurtda takmynan ýigrimi ýyl bäri "Dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek hakynda" kanun güýjünde bolup gelýär. Bu kanun toýlary, doglan günleri, ýas çärelerini we dini dessurlary kadalaşdyryp, çagyrylyp bilinjek myhmanlaryň sanyndan başlap, saçaga goýulmaly tagamlaryň mukdaryna çenli ähli zady kesgitleýär. Ýyllaryň dowamynda bu kanuna birnäçe gezek üýtgetmeler girizildi; her gezek gadaganlyklaryň sanawy giňeldildi we düzgün bozmalary üçin jerimeler artdyryldy.

Iki ýyl mundan ozal Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Rajabali Şirinzoda gyzynyň nika toýundan öň geçirilýän dabarany (nika baglaşylmazdan öňki dabarany) öýünde geçirmegi ýüregine düwdi. Maşgala dabarasy baradaky wideo ýazgylar sosial ulgamlarda ýaýrady we polisiýa onuň öýüne geldi. Kanun goraýjy edaralaryň metbugat beýanatynda "Şirinzodanyň garyndaşlarynyň we ýakyn dostlarynyň gatnaşmagynda, sowgatlaryň gowşurylmagy dabarasyny gurandygy" tankydy äheňde bellenip geçildi. Netijede, raýata takmynan 3 000 ABŞ dollary möçberinde jerime salyndy.

Içeri işler ministrliginiň Duşenbe şäherindäki bölümi tarapyndan ýaýradylan wideoýazgy
Içeri işler ministrliginiň Duşenbe şäherindäki bölümi tarapyndan ýaýradylan wideoýazgy

Täjigistanda aýratyn geçirilýän nikalaşmak dabaralary, öýlenmek ýa-da durmuşa çykmagyň öňüsyrasy geçirilýän ýörite oturylyşyklar we toý bilen baglanyşykly beýleki birnäçe däp-dessurlar çäklendirilýär ýa-da gadagan edilýär. Resmiler kanunçylyk arkaly maşgalalary artykmaç çykdajylardan "goraýandyklaryny" öňe sürýärler; emma şol bir wagtyň özünde, şol serişdeleri başgaça ulanmagyň ýollaryny hem hödürleýärler.

"Özara ylalaşyk esasynda, gelin bilen giýewiň ene-atalary ýa-da hossarlary toý dabarasy üçin niýetlenen serişdeleri täze maşgalanyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga ýa-da haýyr-sahawat işlerine — şol sanda ýollary abatlamaga, suw üpjünçilik ulgamlaryny çekmäge, şeýle-de sosial ähmiýetli desgalary we köprüleri gurmaga ýa-da abatlamaga — sarp etmegi saýlap bilerler" diýip, "Dabaralary we däp-dessurlary düzgünleşdirmek hakyndaky" kanunyň awtorlary maslahat berýärler.

Doglan gün dabaralary hem düzgünleşdirilýär. Diňe 2026-njy ýylyň tomus aýlarynda polisiýa Duşenbe şäheriniň azyndan iki sany ýaşaýjysyna "çenden aşan dabaraly" doglan gün geçirendikleri üçin jerime saldy. Paýtagtyň Içeri işler müdirligi raýatlary köp sanly myhman çagyrandyklary we şowhunly çäreler üçin aýdymçy-sazandalary ýa-da artistleri hakyna tutandyklary üçin tankyt edýär; sebäbi kanun doglan günleriň diňe maşgala gurşawynda bellenilmelidigini talap edýär.

Bellenilmeli ýeri, polisiýanyň metbugat beýanatlarynda "özüni mahabatlandyrmak" termini gaýta-gaýta ulanylýar, emma hakykatda kanun boýunça şeýle hereket gadagan edilmändir. Şeýle-de bolsa, sosial ulgamlardaky suratlar adamyň öz ýörite gününi nähili belländigini görkezýän subutnama bolup hyzmat edýär.

"22-nji iýulda (...) atly raýat doglan gününi restoranda köp sanly dostlary bilen belledi. Mundan başga-da, özüni mahabatlandyrmak maksady bilen, ol sosial ulgamlarda kanunyň bozulandygyny görkezýän suratlary we wideolary çap etdi" diýip, Duşenbe şäheriniň Içeri işler müdirliginiň metbugat gullugy belledi.

Din hem döwlet tarapyndan berk düzgünleşdirilýän ýene bir ugurdyr. Kanuna laýyklykda, Haj ýa-da Umra saparyndan gaýdyp gelýän zyýaratçylary ugratmak we garşylamak dabaralary diňe maşgala gurşawynda geçirilmelidir. Düzgünnamalar bu wakalar mynasybetli myhmançylyk (toý saçagyny ýa-da nahar) guramagy, sowgat paýlamagy ýa-da öýleri, köçeleri we ulaglary bezemegi gadagan edýär.

Mukaddes Remezan aýynda çagalaryň goňşularyny gutlamak we süýjüleri hem-de sowgatlary almak üçin öýden-öýe aýlanýan däbi "Idgardak" dabaralary hem gadagan edildi. Häkimiýetler bu çäräni din radikalizmine garşy göreşmek we döwletiň dünýewi häsiýetini gorap saklamak zerurlygy bilen esaslandyrýarlar. Emma Täjigistanyň oppozisiýa žurnalisti we Täjigistanyň Milli Bileleşiginiň agzasy Temur Warki bu ýagdaýy totalitarizmiň bir alamaty hökmünde häsiýetlendirýär.

Temur Warki
Temur Warki

"Täjik häkimiýetleri stalinizmiň we sowet totalitarizminiň mirasdüşerleridir. Meşhur nakylda aýdylyşy ýaly, sowet adamy tikin maşynyny ýygnap-düzmek işine girişse, netijede Kalaşnikow awtomatyny ýasaýar. Emomali Rahmonyň totalitarizmden başga bir zat döretmegi geň bolardy" diýip, Warki belleýär.

Ýakynda bolup geçen ýene bir wakada, Duşenbede bir zenan bloger "gender reveal party" — ýagny geljekki ene-atanyň doguljak çagasynyň jynsyny beýan etmek boýunça dabarasyny geçirendigi üçin jerime tölemeli boldy. Häkimiýetler şeýle dabaralaryň "Täjigistanyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we milli gymmatlyklaryna gabat gelmeýändigini" aýtdylar.

Jasmin Nazariewa çaganyň jynsyny beýan etmek boýunça dabarany geçirenden soň, ýurduň Din işleri hem-de däp-dessurlary, dabaralary we adatlary düzgünleşdirmek boýunça komitetine çagyryldy. Ondan şeýle çäreleri gaýtadan geçirmejegi barada ýazmaça borçnama gol çekmek talap edildi.
Jasmin Nazariewa çaganyň jynsyny beýan etmek boýunça dabarany geçirenden soň, ýurduň Din işleri hem-de däp-dessurlary, dabaralary we adatlary düzgünleşdirmek boýunça komitetine çagyryldy. Ondan şeýle çäreleri gaýtadan geçirmejegi barada ýazmaça borçnama gol çekmek talap edildi.

Düzgünler adamlaryň daşky keşbine hem degişlidir. Täjigistanda musulman lybaslary we beýleki dini nyşanlar gadagan edildi. Kanunda şeýle beýan edilýär: ol "milli medeniýete ýat" hasaplanýan eşikleriň import edilmegini, satylmagyny, mahabatlandyrylmagyny we geýilmegini gadagan edýär. Mundan başga-da, häkimiýetler ýygy-ýygydan reýdleri — esasan hem hijaply aýallara we sakgally erkeklere gönükdirilen çäreleri — geçirýärler.

"Hatda ölüm bilen tamamlanan ýagdaýlar hem boldy. Wahdat şäherinde dynç alyş döwründe öýüne dolanan bir student, sakgaly sebäpli polisiýa bölüminde urlup öldürildi. Onuň gysga, arassa we örän salykatly görünýän sakgaly bardy. Ýöne, görünişine görä, ol özüne edilen zorluga garşy nägileligini we gaharyny beýan edipdir" diýip, Temur Warki ýatlaýar.

Bu waka 2015-nji ýylyň awgustynda Umar Bobojonow atly täjik raýaty bilen baglanyşykly boldy. Şu güne çenli hiç kimiň jogapkärçilige çekilip-çekilmändigi näbelli bolup galýar.

Ýakynda Täjigistan musulman namazlaryny düzgünleşdirýän täze düzgünleri girizdi. Indi diňe resmi taýdan ygtyýarly dini işgärlere namazlara ýolbaşçylyk etmäge rugsat berilýär. Köpçülikleýin namazlar, dini dessurlaryň wideo ýazgysyny etmek, şeýle hem ýakyn erkek garyndaşlary bolmazdan aýallar we çagalar üçin geçirilýän namaz ýygnanyşyklary hem gadagan edildi.

Munuň bilen hem çäklenilmeýär. Täjik döwlet gullukçylaryna altyn diş oturtmak gadagan; studentler okuw jaýlaryna ulag sürüp baryp bilmeýärler; musulmanlara "edepsiz iftarlary" geçirmek gadagan; şeýle hem ähli ýaşaýjylara mazarlarda uly mazar daşlaryny oturtmak gadagan edildi we beýleki köp sanly çäklendirmeler girizildi.

"Doglan pursadyndan başlap ölümine çenli, häkimiýetler raýatlaryň durmuşyny düzgünleşdirmäge çalyşýarlar. Çaga doglanda, ene-atalar oňa bermek isleýän adyny raýat ýagdaýynyň namalaryny bellige alyş edarasynda bellige alyp bilmeýärler. Sebäbi Ylymlar Akademiýasy we Bilim ministrligi tarapyndan işlenip düzülen ýörite atlar sanawy bar. Onda ulanylmagyna rugsat berlen müňden gowrak at bar." "Galanlary bolsa gadagan" diýip, Warki sözüni jemleýär.

Özbegistanda "erbet" öý hanymlary we "geý" mekdep okuwçylary

Täjigistandaky çäklendirmeleriň ep-esli bölegi kanunda aç-açan berkidilen bolsa-da, Özbegistanda başgaça model höküm sürýär. Döwlet, ýerli häkimiýetler we mekdepler özlerini jemgyýeti "terbiýelemäge" hakly hasaplaýarlar.

Awgust aýynyň başynda Özbegistanyň Kaşkadarya welaýatynda galmagally waka ýüze çykdy. Şahrisabz etrabynyň häkimi Samad Hasanow hususy bir öýe girip, öýüň zenanyny berk ýazgardy. Ol howlunyň, aşhananyň we sowadyjydaky iýmitiň ýagdaýyndan, şeýle-de maşgala agzalarynyň biriniň gündizine ýatandygyndan nägile boldy. Ýerli metbugat häkimiň aýala köp sanly kemsidiji sözleri aýdandygyny habar berdi. Soňra Hasanowyň bu hereketleri Ombudsman edarasy we Korsupsiýa garşy göreş gullugy tarapyndan tankyt edildi.

Emma bu ýeke-täk waka däl. Daşkent welaýatynyň Çinaz etrabynda häkim, öz pikiriçe ýeterlik derejede abat saklanmadyk öýlere "masgaraçylykly mahalla" we "utançly öý" diýen ýazgylary bolan plakatlary dakmagy buýurdy. Jemgyýetçilik nägileliginden soň, bu plakatlar aýryldy.

Özbegistanly hukuk goraýjy we Berlinde ýerleşýän "Özbegistan Adam hukuklary forumynyň" ýolbaşçysy Umida Niýazowa häkimiýetleriň şeýle hereketlerini kemsidiji hasaplaýar.

Umida Niýazowa
Umida Niýazowa

"Bu ulgamda döwlet uly ýaşly adama şahsy giňişlik we durmuş kararlaryny kabul etmek azatlygy bolan garaşsyz raýat hökmünde däl-de, eýsem hemişe öwredilmäge we hojalygy nähili alyp barmalydygy barada görkezme almaga mätäç bolan çaga — hossarlyk astyndaky adam hökmünde garaýar" diýip, Niýazowa aýdýar.

Ýöne şahsy durmuşa täsir etmek üçin döwletiň hökman aşhanany barlamak üçin resmini ibermegi gerek däl. Özbegistanda ýene bir möhüm institut bar: "mähelle".

Taryhy taýdan bu ýerli jemgyýetçiligiň öz-özüňi dolandyryş görnüşidir. Emma häzirki wagtda "mähelle" döwlet bilen gatnaşyk saklaýar we şol bir wagtyň özünde resmiler bilen adaty raýatlaryň arasynda araçy bolup çykyş edýär. Ol sosial meseleleri çözýär we maşgalalara kömek edýär, şeýle-de bolsa, maşgala dawalaryna hem goşulyp bilýär — käwagt bolsa şeýle goşulma pajygaly netije bilen tamamlanýar.

"Mähelle" ýolbaşçylarynyň wezipeleriniň biri maşgalany saklap galmakdyr. Eger är-aýal aýrylyşmagy ýüregine düwse, olar muny etmek üçin göni kazyýete gidip bilmezler; olar hökman "mähelle" ulgamyndan geçmeli we sebäplerini ýolbaşçylara düşündirmeli bolýarlar. "Mähelle" maşgalany bile saklamak üçin zerur bolan ähli çäreleri görmäge özüni hakly hasaplaýar. Ol aýaly nikada galmaga razy edip, soňra bolsa onuň adamsy tarapyndan urulyp öldürilmegine getiren aşa agyr ýagdaýlar hem bolupdy" diýip, Umida Niýazowa düşündirýär.

Özbegistanda, edil Täjigistandaky ýaly, häkimiýetler raýatlaryň daşky keşbine — esasanam sakgal goýýanlara ýa-da yslam däbine görä, geýinýänlere — gözegçilik edýärler. Jemgyýetçilik ýerlerinde dini eşikleri geýmek gadagançylygy 2021-nji ýylda ýatyrylan hem bolsa, adam hukuklaryny goraýjylar dinçilere, şol sanda olaryň daşky keşbi sebäpli edilýän basyşlar barada habar bermegini dowam etdirýärler.

Käwagt "dogry" daşky keşp ugrundaky kampaniýa gülkünç derejä ýetýär. Birnäçe ýyl mundan ozal Daşkentdäki mekdepleriň birinde resmiler gysga jorap geýen okuwçylary anyklamak üçin olaryň joraplaryny ölçäpdiler. Bu ýagdaý bir özbek resmisiniň Ýewropada gysga joraplaryň geý (gomoseksual) erkekleriň özlerini tapawutlandyryjy alamaty bolup hyzmat edýändigi barada aýdyp, köpçülik öňünde eden beýanatyndan soň, mekdep gysga joraplary LGBT jemgyýetçiligi bilen baglanyşdyrypdy. Käbir dini şahsýetler bolsa şeýle pikir ýöretmeleri has-da aşa derejä ýetiripdiler.

"Hakykatdanam akyla sygmajak pikirler hem bardy. Meselem, aýallaryň türk seriallaryny görmeli däldigi baradaky pikir; sebäbi gelşikli türk erkekleri olara nähilidir bir ýol bilen täsir edip, gomoseksual çagalary dogurmagyna sebäp bolup bilermiş" diýip, Niýazowanyň bellemegine görä, Özbegistanda erkekleriň arasyndaky bir jynsly gatnaşyklar jenaýat hasaplanýar: ýurduň jenaýat kodeksinde sowet döwrüniň "sodomiýa" maddasy saklanyp galýar, bu madda üç ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Prezident elleşmegi goldap, gujaklaşma garşy bolanda

Käwagt birine "dogry" maşgalanyň, "dogry" geýimiň ýa-da "dogry" öýüň nähili bolmalydygyny düşündirmek üçin jerime ýa-da kanun gerek däl; döwlet baştutanynyň köpçülige ýüzlenip aýdan bir sözüniň özi ýeterlik bolýar.

Täze parlament saýlawlarynyň geçirilýän güni — 23-nji awgustda — Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew erkekleriň biri-biri bilen nähili salamlaşmalydygy (ýa-da has dogrusy, nähili salamlaşmaly däldigi) barada garaşylmadyk ýerden pikirini beýan etdi. Onuň pikiriçe, gazaklar duşuşanda biri-birini gujaklamagyny we öpmegini azaltmaly.

"Erkekleriň biri-birini gujaklap, öpüşmegi dogry däl. Aýallaryň erkekleri, erkekleriň aýallary öpmegi — bularyň hiç haçan biziň däp-dessurlarymyzda ýeri bolmandyr. Esasanam harby eşikdäki adamlar üçin bu asla ýaramaz. Generallar biri-birini gujaklaýarlar. Bu näme? Sowet Soýuzynyň marşallarynyň — Beýik Watançylyk urşunda ýeňiji bolan şol marşallaryň — biri-birini gujaklap, öpüşendigini göz öňüne getirip bilersiňizmi?" diýip, Gazagystanyň prezidenti sorady.

"Erkekler biri-birine ellerini uzadyp, berk gysmalydyrlar — eli ýumşak kotlet ýa-da şahajyk ýaly uzatman — we ýylgyryp salamlaşmalydyrlar, ýöne mundan artyk zat gerek däl. Hemişe şeýle bolup gelipdir" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Biraz wagtdan soň, Tokaýewiň bu pikiri Kurultaýyň deputaty we prezidenti goldaýan "Adilet" partiýasynyň agzasy Ýerlan Saýyr tarapyndan goldanyldy. Ol mekdep okuwçylaryna "jemgyýetde ýola goýlan salamlaşma düzgünlerini" öwretmegi teklip etdi; onuň pikiriçe, bu düzgünler "uly-kiçä hormat goýmak we garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklamak" ýörelgelerine esaslanýar. Deputat salamlaşmagyň, beýleki zatlar bilen bir hatarda, gazak milli mirasyny gorap saklamaga kömek edip biljekdigine ynanýar.

"Gazak salamlaşmasynyň esasy aýratynlygy — sypaýylyk we ölçegli hereketdir. Salamlaşma bu medeni kodyň iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde-de iň çuňňur manyly elementleriniň biridir" diýip, Saýyr belledi.

Emma taryh, gazak prezidentiniň erkekleriň arasynda duýgudaşlyk bildirýän salamlaşmalaryň bolmandygy baradaky sözlerini tassyklamaýar. "Nastoýaşeýe Wremýa" proýekti sowet döwründen galan köp sanly suratlaryň bardygyny ýatlatdy; bu suratlarda diňe bir el gysyşmak däl, eýsem nasist Germaniýasynyň üstünden gazanylan ýeňişden soň gyzyl goşunyň esgerleriniň biri-birini öpmegi, şeýle hem sowet ýolbaşçylarynyň biri-birini berk gujaklap, öpüşmegi şekillendirýär.

Elbetde, Tokaýewiň beýanatlaryndan soň Gazagystanda erkekleriň biri-birini gujaklamagy gadagan edilmedi; bu bolsa Täjikistan ýaly ýurtlarda kabul edilen kanunlardan düýpli tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa, ýöredilýän syýasatyň äheňi birmeňzeş: häkimiýetler özlerini diňe bir düzgünleri düzüjiler hökmünde däl, eýsem raýatlaryň – hem köpçülikleýin ýerlerde, hem-de öýleriniň içinde – özlerini nähili alyp barmalydygyny kesgitleýän eminler hökmünde görkezýärler.

Şeýle çäklendirmeleriň köpüsi resmi esaslandyrmalar bilen bilelikde gelýär: maşgalalary bergiden goramak, ekstremizme garşy göreşmek ýa-da milli medeniýeti gorap saklamak.

Syýasatçylar bu düzgünleri jemgyýetiň bilmeli "gadymy däp-dessurlara" gaýdyp gelmek hökmünde düşündirýärler. Emma belli bir pursatda bu "alada", "dogry raýaty" kemala getirmek synanyşygyna öwrülýär.

Forum

XS
SM
MD
LG