Ukrainanyň Energetika ministrligi 9-njy ýanwarda 1025 sany ilatly nokadyň elektriksiz galandygyny aýtdy. Uruşdan ejir çekýän ýurt adatdan daşary sowuk howa tolkuny, gar ýagyşlary we güýçli şemal bilen göreşýär. Adatdan daşary howa şertleri hatda Russiýany hem özüniň üznüksiz dron we raketa zarbalaryna arakesme bermäge mejbur etdi.
Ministrlik gar ýagyşlarynyň hem-de elektrik liniýalarynyň buz bilen örtülmeginiň netijesinde Dnipropetrowsk, Odesa, Mykolaýiw we Kirowohrad sebitlerinde elektrik üpjünçiligiň kesilendigini aýtdy.
Dnipropetrowsk sebitiniň 324 sany ilatly nokadynda 29 müň çemesi sarp ediji, Odesa sebitinde 268, Mykolaýiw sebitinde 215 we Kirowhrad sebitinde 146 ilatly nokat elektriksiz galdy.
Zaporižýa sebitinde 59, Hersonda 14 hem-de Çernihiw we Çerniwstsiý sebitlerinde dokuz sany ilatly nokatda elektrik üpjünçiligi kesildi.
“Erbet howa şertlerinden täsirlenen sebitlerde gyssagly kömek toparlary zeper ýetmeleri bejermek üçin gije-gündiz işleýär” diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar. “Ýöne doňakçylyk işleri we hereketi has-da kynlaşdyrýar” diýip, beýanat aýtdy.
Ukrainanyň gidrometeorologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, sowuk howa dowam eder, günorta we günorta-gündogar sebitlerde has köp gar ýagyşlaryna, howanyň temperaturasynyň gündiz -12, gijelerine -21 gradusa çenli pese gaçmagyna garaşylýar.
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Russiýa ilkinji gezek 9-njy ýanwarda Ukrainanyň çägine dron zarbalaryny amala aşyrmady. Günorta Ukrainanyň Goranmak güýçleriniň metbugat sekretary Nataliýa Humenýuk muňa adatdan daşary howa şertleriniň sebäp bolandygyny aýtdy.
“Biz dron hüjümleriniň bolmazlygyna, belli bir derejede, howa şertleriniň hem täsiri hökmünde düşünýäris. Ýöne, duşman artilleriýa hüjümlerini dowam etdirdi” diýip, Humaneýuk aýtdy we Herson we Antoniwka günorta şäherleriniň hüjümlerde agyr zyýan çekendigini belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Rus howa hüjümlerine arakesme berilmegi 8-nji ýanwarda birnäçe ukrain sebitlerinde bäş adamy öldürip, onlarça adama şikes ýetiren adatdan daşary agyr raketa we dron hüjümlerinden bir gün soňra bolup geçýär.
Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow Ukrainanyň serhetaşa hüjüminde Belgorod şäherinde üç adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Gladkow özüniň Telegram kanalynda rus howa goranyş ulgamlarynyň 8-nji ýanwarda giçlik 10 sany “howa nyşanasyny” urup ýykandygyny aýtdy.
Ukrainadan bada-bat tassyklama bolmady, ýöne Kreml Belgorod şäherinde ýygjamlaşýan ukrain hüjümleriniň öňüne geçmek üçin rus goşunynyň öz güýjüni gaýgyrmajakdygyny aýtdy.
“Elbetde, biziň goşunymyz howpy, birinjilik bilen, pese gaçyrmak, soňra bolsa, düýbünden ýok etmek üçin ähli zatlary etmegi dowam etdirer” diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistlere aýtdy.
Ol ukrain goşunyny ýewropa ýurtlary tarapyndan üpjün edilen ýaraglar bilen, 340 müň ilatly şäher merkezinde raýat nyşanalaryna garşy ot açmakda aýyplady”
Kreml ýurt içindäki kadalylyk we adatylyk duýgusyny saklamaga çalyşdy, ýöne Belgoroda edilen soňky zarbalar ruslar üçin Ukraina çaknyşygyny öýe golaýlaşdyrdy.
Belgorod sebiti soňky birnäçe hepde bäri ukrain güýçleri tarapyndan gaýta-gaýta nyşana alynýar. Geçen aýyň aýagynda bolan zarbada 25 asuda raýatyň öldürilendigi habar berildi. Bu ýagdaý şäher resmilerini ýüzlerçe adamy ewakuasiýa etmäge we mekdeplerdäki dynç alyş möwsüminiň möhletini uzaltmaga iterdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum