ABŞ-nyň Döwlet departamenti ukrain hökümetine Noworossiýskdäki nebit desgalaryna edilen hüjümleriň Amerikanyň Gazagystandaky maýa goýumlaryna täsir edendigini duýdurdy we Kiýewi bu hili hüjümlerden saklanmaga çagyrdy.
TASS habar gullugy bu maglumaty Ukrainanyň ABŞ-daky ilçisi Olga Stefanişinanyň CNN bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp çap etdi.
“Biz Ukrainanyň Noworossiýsk şäherine eden hüjümleriniň Gazagystanyň üsti bilen amala aşyrylýan amerikan maýa goýumlarynyň käbirine täsir edendigini eşitdik. Şeýle-de, biz Döwlet departamentiniň Amerikanyň bähbitlerine hüjüm etmekden saklanmalydygymyz barada aýdanlaryny eşitdik” diýip, Stefanişina CNN-e Döwlet departamentinden resmi diplomatik habar alandygyny düşündirdi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleri 2025-nji ýylda Russiýanyň Kaspiý Turbageçiriji Konsorsiumyna (KTK) birnäçe gezek hüjüm etdi. Gazagystan öz nebitiniň esasy bölegini dünýä bazarlaryna şol konsorsium arkaly iberýär.