Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dron hüjüminden soň, Lipetsk sebitindäki nebit bazasynda ýangyn döredi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Lipetsk sebitiniň gubernatory Igor Artamonow Usmanskiý etrabyndaky senagat desgasyna "gaçan dronyň" ýangyna sebäp bolandygyny habar berdi.

"Deslapky maglumatlara görä, pida bolan ýa-da ýaralanan ýok. Gyssagly ýagdaýlar gullugy wakanyň bolan ýerinde işleýär" diýip, sebit häkimi ýazdy.

Artamonow haýsy desga barada gürrüň edýändigini anyklaşdyrmady. "Astra" neşiri şaýatlaryň eden wideo ýazgylaryny seljerip, ýangynyň Streletskiýe Hutor obasynda ýerleşýän “Usman nebit bazasynda” bolandygy baradaky netijä geldi.

Ukrainanyň “Exilenova+” we “Supernova+” gözegçilik kanallary hem nebit bazasyna edilen hüjüm barada habar berdiler.

OSINT analitigi “Astranyň” maglumatyna görä, Penzada dron Şuist mikroraýonynda ýerleşýän 2-nji ýük kärhanasynyň desgasyna gelip urdy.

Neşiriň ýazmagyna görä, GATP-2 desgasynda dürli kärhanalar kireýine ýer alýarlar, ýöne dronyň anyk nirä gelip urandygyny kesgitlemek mümkin däl.

XS
SM
MD
LG