Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

EBRD-iň Türkmenistandaky proýektler bilen bagly karz bukjasy 28 million ýewro deň


Umumy hasapda, EBRD Türkmenistandaky 87 dürli proýekte 335 million ýewrodan hem aşa sermaýa ýatyrdy.
Umumy hasapda, EBRD Türkmenistandaky 87 dürli proýekte 335 million ýewrodan hem aşa sermaýa ýatyrdy.

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň (EBRD), 2023-njy ýylyň 31-nji oktýabryndaky ýagdaýlara laýyklykda, Türkmenistandaky proýektler babatda bar bolan karz bukjasynyň 28 million ýewro deňdigi çaklanylýar. Bu barada Trend habarlar gullugy 26-njy noýabrda habar berdi.

Bankyň maglumatlaryna görä, karz bukjasy 22 proýektiň tamamlanmagyna niýetlenendir.

Şeýle-de, tutuş sermaýa bukjasynyň Türkmenistanyň şahsy pudagyny goldamak üçin gönükdirilendigi bellenilýär.

Umumy hasapda, bank Türkmenistandaky 87 dürli proýekte 335 million ýewrodan hem aşa sermaýa ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG