Astananyň ýaşaýjysy Miras Taşarganow nobatlaýyn işlemek üçin Russiýa gidip, bu ýurduň Ýaragly güýçleriniň hataryna düşdi. Onuň ejesi ogluna Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmaga mejbur edilendigini aýdýar. Ol oglunyň Ukrainadaky front liniýasyna iberilmeginden gorkup, ony öýüne getirmäge kömek etmeklerini haýyş edip, Gazagystanyň döwlet edaralaryna ýüz tutýar.
«Eger bir ýerde ölüp gitsem, žeton boýunça kimdigimi anyklap bilerler. Soňra size ibererler…» 25 ýaşly Miras Taşarganow ejesi bilen telefonda gürleşende, özüniň Ukrainadaky front liniýasyna geçirilip bilinjekdigini aradan aýyrmaýar. Bary-ýogy birnäçe hepde ozal ol Astanada öýündedi. Indi bolsa urşuň iň gyzgyn nokadyna düşmek howpy abanýar.
Nobatlaýyn işlemek baradaky teklip
Tomusda Miras OLX bildiriş hyzmatynyň üsti bilen Russiýada iş tapdy. Oňa aýda 90 müň rubl (takmynan 480 müň tenge, ýagny müň dollardan biraz köp) aýlyk wada berdiler. Dokuz çagany ýeke özi terbiýeleýän ejesine uly oglunyň bu pikiri ýerlikli bolup görünýärdi.
Äri bilen aýrylyşandan soň, Gülžan Taşarganowanyň aýtmagyna görä, Miras oňa uly maşgalany eklemäge kömek edýärdi.
«Men kömek pullarynyň, ýeňillikli tölegleriň we alimentiň hasabyna ýaşaýaryn. Dokuz çagany geýindirmäge, aýakgap almaga, iýmitlendirmäge, jemagat hyzmatlarynyň tölegini tölemäge bu pul ýetenok. Allaha şükür, döwlet bize wagtlaýyn ýaşamak üçin kärende jaý berdi. Ol hem bularyň hemmesini görüp, meniň gijelerine uklaman alada edýändigimi görüp, ýanyma geldi-de: "Eje, nobatlaýyn işe ýerleşerin" diýdi. Ýöne nirä we nähili gitjekdigini aýtmady» diýip, Gülžan ýatlaýar.
Köp çagaly ene goňşy ýurduň bäşinji ýyl bäri Ukraina garşy uruş alyp barýandygyny umumylykda bilendigini, ýöne bu ýaragly konfliktiň öz maşgalasyna-da täsir edip biljekdigini pikir etmändigini aýdýar.
«Aýdylyşy ýaly, başyňa düşýänçä hiç zat bilmeýärsiň. Men hatda "ýörite harby operasiýa" diýilýän zadyň nämedigini-de bilmeýärdim (Kreml Ukrainanyň garşysyna başlan giň gerimli çozuşyny şeýle atlandyrýar — red.). Gitmegine iki gün galanda, "Nirä gidýärsiň?" diýip soradym. Ol: "Eje, nobatlaýyn işe gidýärin, gowy ýaşarys, saňa jaý, maşyn alyp bererin, ähli bergilerimizi, kreditlerimizi üzüşeris" diýdi».
Ol 20-nji awgustda Russiýa gitdi. Ejesiniň aýtmagyna görä, Kurskda ogluna et kombinatynda gaplaýjy bolup işlemek wada berlipdir. Emma barandan soň ony mal soýulýan ýerde işlemäge iberipdirler. Tiz wagtdan ol iş şertleriniň agyrdygyndan zeýrenip başlapdyr.
«Ol bir hepde işledi, soň aglap maňa jaň edip, ýaşaýyş şertleriniň we naharyň ýaramazdygyny aýtdy. Men: "Näme boldy?" diýip soradym. Ol: "Men hemişe aç. Eje, bizi irden doňuz soýmaga alyp gidýärler. Men asla doňuz soýmaga şertnama baglaşmandym, gaplaýjy-toplaýjy bolup işe giripdim. Maňa nahar bermeýärler" diýdi. Men: "Nädip, nahar bermeýärler?" diýdim. "100 baş doňuz soýup, günortanlyk nahara barýançam, diňe doňuz eti galýar" diýdi. Ol doňuz etini iýmeýär. Ilkinji bişirilýän naharlarda sygyr ýa-da towuk eti bolýar, ýöne olar tiz gutarýar. Özbekler, gyrgyzlar, gazaklar köp gelipdir» diýip, Gülžan Taşarganowa ogly bilen bolan gürrüňlerini gürrüň berýär.
Et kombinatyndan — harby komissarlyga, soňra harby okuw bölümine
Mirasyň we beýleki birnäçe migrantyň iş şertlerinden eden şikaýatlaryndan soň, olary et kombinatyndan alyp, harby komissarlyga äkidipdirler. Ol ejesine Smolenskdäki harby gulluga kabul ediş nokadynda lukmançylyk barlagyndan geçendiklerini we dürli soraglara jogap berendiklerini gürrüň berdi.
«Biziň bilen gelenleriň biri ýolda çykyp galdy. Ol munuň "ýörite harby operasiýa" üçin şertnamadygyny aýtdy. Biz bolsa şübhelenip başladyk, ýöne gaýtam oňa "bu beýle şertnama däl, hemme zat gowy, alada etme, bize-de şeýle aýtdylar" diýip ynandyrjak bolduk. Biz ähli samsyklar bolup gidipdik. Şol bir adam wagtynda akyllylyk edip çykyp galdy, biz bolsa ýok» diýip, Miras Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen resminamalara gol çekenden soň ejesine gürrüň berdi.
Mirasyň aýtmagyna görä, migrantlaryň hersine bir list kagyz berlipdir. Harby gulluga kabul ediş nokadynyň resminamasynda Gazagystanyň raýaty Miras Taşarganowyň Russiýanyň Ýaragly güýçlerinde bir ýyl möhlet bilen harby gullugy geçmek barada şertnama baglaşandygy aýdylýar. Şertnama 12-nji sentýabrdan güýje girýär. Miras bu resminamany ejesine iberdi. Ýöne Gülžanyň aýtmagyna görä, şertnamanyň öz nusgasy oňa berilmändir.
«Ol: "Düşünýäňmi, eje, öňüňe şertnamany zyňýarlar, kelläňe ýarag diräp, 'gol çek' diýýärler, we boldy. Şol wagt sen oňa hatda seredip ýa-da okap hem ýetişmeýärsiň. Menden-de, bizden-de 'isleýäňmi ýa-da islemeýäňmi?' diýip soramadylar" diýdi» diýip, Gülžan Taşarganowa oglunyň sözlerini ýetirýär.
Onuň aýtmagyna görä, ogly iki hepdelik harby taýýarlykdan geçipdir. Miras soňra özüniň Woroneže geçirilendigini aýtdy. Ejesi onuň indi Ukrainada söweşmäge iberilmeginden howatyrlanýar. Oglunyň aýtmagyna görä, ony, ähtimal, hüjümçi esger hökmünde ulanmakçy bolýarlar.
«Çyn ýürekden ökünýärin we sizi söýýärin»
Soňky iki hepdäniň dowamynda Mirasyň ejesi ogluny öýüne getirmek üçin Gazagystanyň Daşary işler ministrligine, Baş prokuraturasyna we polisiýa ýüz tutýar.
Daşary işler ministrligi oňa Russiýa tarapyna resmi sorag iberilendigini habar berdi. Başga maglumat berilmedi.
Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bu mesele boýunça ministrlige resmi sorag iberdi. Häzirlikçe jogap gelip gowuşmady.
«Meniň maksadym – oglumy maşgalasyna, öýüne, watanyna gaýtaryp getirmek. Ol şu ýerde dünýä indi. Men öz perzendimi ýöne bir başga döwlete berip bilmerin ahyry, düşünýäňizmi…» diýip, Gülžan Taşarganowa gynanç bilen aýdýar.
22-nji sentýabr agşam Miras wideoaragatnaşyk arkaly ejesi bilen gysga wagtlyk habarlaşdy. Ol harby okuw bölümindäki beýleki adamlar bilen bilelikde harby ulagda Ukraina serhedine tarap barýandygyny aýtdy.
«Men mümkin boldugyça habarlaşmaga çalşaryn. Ýanyňyzda däldigime gynanýaryn. Sizi gujaklap bilmeýändigime gynanýaryn. Hemmäňizi söýýärin, hemmäňizi gujaklap, ogşaýaryn. Näme bolaýanda-da, güýçli boluň. Şeýle adam bolanym üçin meni bagyşlaň. Men çyn ýürekden ökünýärin, toba edýärin. Bu günäni ömrümiň ahyryna çenli ýüregimde götererin. Ýöne düşüniň: men sizi söýýärin» diýip, ol ýakynlaryna ýüzlendi.
«Mümkin bolsa, häzir Russiýa gitmezlik has gowudyr»
Russiýanyň goşunyna çekilen gazagystanlylaryň anyk sany barada maglumat ýok. Ukrainanyň döwlet taslamasy bolan «Hoçu žit» («Ýaşasym gelýär») taslamasynyň maglumatyna görä, Gazagystanyň azyndan 2389 raýaty Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşypdyr. Taslamanyň çaklamasyna görä, Merkezi Aziýanyň jemi 12 müňden gowrak raýaty Russiýanyň goşunynyň hataryna goşulan bolup biler.
Russiýadaky migrantlara kömek edýän hukuk goraýjylar harby şertnama baglaşylandan soň, adatça, yza gaýdyp bolmaýandygyny aýdýarlar. Adamlar front liniýasyna iberilýär. Käbirleri ýaralanandan we hassahanada bejergi alandan soň öz ýurduna gaçyp dolanýarlar, emma ol ýerde daşary ýurtdaky ýaragly konflikte gatnaşandygy we hakyna tutma esgerlik edendigi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilýär. Köplenç olara üç ýyldan bäş-alty ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Özbegistanly Akbar Kurbonowyň wakasy häzirki wagta çenli zähmet migrantynyň öz ýurdunyň diplomatlarynyň goşulyşmagyndan soň front liniýasyndan gaýtarylyp getirilen ýeke-täk belli ýagdaýydyr. Surhanderýa welaýatyndan bolan 23 ýaşly Akbar geçen ýylyň oktýabrynda Ukrainadan wideoýüzlenme ýazga alyp, aldaw ýoly bilen Lugansk oblastyna iberilendigini, urlandygyny we şertnama gol çekmäge mejbur edilendigini aýdypdy. Onuň ejesi Ruzigül Boboýewa Daşkentdäki döwlet edaralarynyň gapysyny kakyp, kömek sorady. 2026-njy ýylyň başynda Boboýewa žurnalistlere Özbegistanyň häkimiýetleriniň goşulyşmagy netijesinde ogluny öýüne gaýtaryp getirmegiň başardandygyny aýtdy. Ol resmi işgärleriň metbugata mundan beýläk çykyş etmezligi haýyş edendiklerini aýdyp, jikme-jiklikleri mälim etmekden ýüz öwürdi.
Meýletin ýa-da mejbury ýagdaýda Ukraina iberilen müňlerçe beýleki migrant bolsa söweşmegi dowam etdirýär. Kiýewiň maglumatyna görä, olaryň ýüzlerçesi heläk bolupdyr, onlarçasy ýesir düşüpdir.
«Russiýa häzirki wagtda howpsuz ýurt däl. Şonuň üçin, elbetde, mümkin bolsa ol ýere gitmekden saklanmak has gowudyr” diýip, Gazagystanyň Adam hukuklary boýunça býurosynyň direktory Denis Žiwaga aýdýar. “Frontda janly güýç ýetmezçiligi sebäpli, adamlary harby gulluga çekýänler dürli aldaw usullaryna, käbir ýagdaýlarda bolsa hatda mejbur etmäge hem ýüz urýarlar. Adamy haýsydyr bir jenaýatda aýyplap, soňra jenaýat jogapkärçiliginden gaçmak üçin şertnama baglaşmagy teklip edip bilerler, şeýle ýagdaýlar hem bolupdy. Şonuň üçin Merkezi Aziýanyň raýatlaryna mümkin boldugyça häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyna gitmezlik we dürli prowokasiýalara, şeýle hem "dron operatory bolup, tylda işlärsiňiz" diýlip hödürlenýän şertnamalara ynanmazlyk maslahat berilýär. Iş ýüzünde soňra şertnamadaky ähli şertleriň derrew üýtgeýändigi we adamyň söweş hereketleriniň alnyp barylýan zolagyna düşýändigi ýüze çykýar. Ol ýerden bolsa ýol, gödek aýdanyňda, ýa beýleki dünýä, ýa-da öz ýurdunda jenaýat jogapkärçiligine alyp barýar».
Forum