Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Alyýewi Ermenistan bilen dartgynlylykdan saklanmaga çagyrdy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (çepde) özüniň azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew bilen (arhiw suraty)
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (çepde) özüniň azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew bilen (arhiw suraty)

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ýurda sapar edýän Azerbaýjanyň liderine Ermenistan bilen serhetde täze dartgynlylyklardan gaça durmaga we uzak wagt dowam etjek parahatçylygy ornaşdyrmaga çagyrdy. Erdogan bu barada 19-njy fewralda çykyş etdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzyň araçylyk etmeginde, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Ankara geldi. Türkiýe dünýä arenasynda Azerbaýjanyň hem diplomatiki, hem-de harby taýdan iň möhüm goldawçysy bolup dur.

Mýunhende geçirilen gepleşikleriň öň ýany, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde adam pidaly atyşyk bolup, Ýerewan hadysada dört ermeni esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG