Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Putini Soçide galla ylalaşygynyň dikeldilmegine çagyrar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşmek üçin Russiýa sapar eder. Arhiw suraty
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşmek üçin Russiýa sapar eder. Arhiw suraty

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan "ýakyn wagtda” rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Gara deňiz däne şertnamasyny dikeltmek barada gepleşmek üçin Russiýa sapar eder. Bu gepleşikleriň Ukraina boýunça has giň parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek üçin meýdança hökmünde hem ulanylmagy mümkin.

Erdoganyň dolandyryjy partiýasynyň metbugat sekretary 28-nji awgustda žurnalistlere bu duşuşygyň Russiýanyň Gara deňiz şypahanasy Soçi şäherinde geçiriljekdigini we golaýlap gelýän "azyk krizisiniň" öňüni almaga bagyşlanjakdygyny aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow biraz öň žurnalistlere bu duşuşyga “intensiw” taýýarlyk görülýändigini aýtdy, ýöne gepleşikleriň haçan we nirede geçiljekdigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG